4-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän täze, 2021-nji ýylda ilkinji sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri gatnaşdylar.
Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de şu ýylyň şygarynyň hormatyna guralmagy göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy baradaky meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny açyp, ilki bilen sanly wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.
Şeýle hem milli Liderimiz şol birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Wise-premýer ulag-aragatnaşyk toplumynda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew hasabatlary diňlendi. Häkim sebitde işleriň ýagdaýy, agrotehniki kadalara laýyklykda, ekerançylyk meýdanlarynda durmuşa geçirilýän çäreler, tehnikalary ýaz ekişi möwsümine taýýarlamak hem-de mallary dok we ýyly gyşlatmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, sebitde Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň barşyna gözegçilik etmek barada görkezme berdi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda şu ýyl geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça aýratyn görkezmeler berildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa ýüzlenip, halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de, bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni wideoaragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa hem-de wise-premýerler M.Meredowa, B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewa ýüzlendi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki döwletler, şol sanda goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny giňeldendigini we berkidendigini aýdyp, bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Milli Liderimiz beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylýan halkara taslamalarynyň möhümdigini we geljeginiň uludygyny aýratyn nygtady.
Hususan-da, Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda Lebap welaýatynda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina-Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar-Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat-Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy mysal getirildi.
Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa Owganystan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen bagly görkezmeleri berip, owgan kärdeşleri bilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri taýýarlamak we geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşanlara täze, 2021-nji ýylda – «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.