Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ine, şu günlerde hem türkmeniň ajaýyp baýramlarynyň biri bolan Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni ýurdumyzyň çar künjeginde bellenip geçilýär. Nowruz baýramy dünýäniň ençeme ýurtlarynda özboluşly däp-dessurlara eýermek arkaly, halklaryň hakydasynda baky orun alyp, üstünden näçe asyr geçse-de, öz manysyny we mazmunyny ýitirmän gelýär. Şahyr Halyl Kulyýewiň:
Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,
Pyntyklady pisse bilen badamlar.
Bahar ýeli aýnalary kakyp dur,
Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar !
- diýen goşgy setirlerindäki buşluk köňüllere ýylylyk, ýaz mährini paýlaýar. Çünki tebigatyň gül-gunçalara, lälezarlyga bürenip, ajaýyp keşbe girmegi, her bir göwne üýtgeşik teselli berýär.
Şahyr Gurbannazar Ezizow bolsa, bahary “Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym” diýip, wasp edýär. Hakykatdan-da, bu ajaýyp pasyl toý-baýrama baý. Milli bahar baýramy hem bu paslyň iň naýbaşy baýramlarynyň biri. Halkara derejesinde ykrar edilen Nowruz baýramynyň özboluşly däpleri bar. Bu baýramda ýerine ýetirilýän däpler adamlary biri-birine ýakynlaşdyryp, gatnaşyklaryny berkidýär.
Bu baýram diňe bir tebigata däl, eýsem ynsan kalbyna gözellik çaýýan bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň, agzybirligiň we jebisligiň, mähirli gatnaşyklaryň, ynsanperwerligiň, dostluk-doganlygyň gözbaşydyr. Nowruz baýramynyň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly ruhy dünýämizden gözbaş alýar. Ata-babalarymyz gadymdan gelýän Nowruz baýramyny täzelenişiň, abadançylygyň we bahar paslynyň ajaýyp nyşany hökmünde belläpdirler.
Nowruz “Täze gün” diýen mana eýe bolup, adamlar bahar paslynyň gelmegi bilen, biri-birini gutlapdyrlar. Bu baýram gije-gündiziň ýazky deňleşýän gününde bellenilýär. Ol gün dürli naharlar, semeni bişirilip, saçaklar uludan ýazylýar. Nowruz baýramynyň şanyna bezelen saçagy dürli ösümliklerden taýýarlanylýan tagamlar bilen bezemeklige aýratyn üns berilýär.
Nowruzyň özboluşly däp-dessurlary we tagamlary häzirki günlerimize hem gelip ýetipdir. Nowruz saçagynda milli tagamlaryň ýedisiniň goýulmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini aýratyn bellemelidiris. Mukaddes ak bugdaýyň maýsasynyň üwelen şiresinden taýýarlanylýan semeni bu senäniň özboluşly, esasy tagamydyr. Nowruz tagamlary taýýarlanylanda, etli ýarma hem bişirilýär. Oňa başgaça “Nowruz ýarmasy” hem diýilýär. Datly nahar saçak başynda agzybirlikde bile iýlip, nahardan soňra, ýagşy umytlar, gowy arzuwlar dileg edilipdir. Nowruzyň täsin we özüne çekiji gadymy däp-dessurlarynyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda saklanyp galmagy bu gadymy baýramçylyga türkmen topragynda ozaldan aýratyn ähmiýet berilýändiginiň tassyknamasydyr.
Gadymdan gelýän däbe görä, baýramçylykdan öňünçä ähli ýerde arassaçylyk işleri ýerine ýetirilipdir. Şol gün köneden gelýän öýke-kine unudylypdyr. Bu gadymy däpler häzirki günlerde hem dowam etdirilýär. Baýramçylyk günleri milli oýunlary oýnamak ýörgünli däbe öwrülipdir. Türkmen halkynda Nowruz däpleri bilen bagly birnäçe milli oýunlar bar. Ol oýunlar hem köküni taryhdan alyp gaýdýar. Gyz-gelinler Nowruzda monjugatdy oýnap, läle kakypdyrlar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň taýsyz tagallalary netijesinde, 2009-njy ýylyň sentýabr aýynda 24 döwletiň goldamagynda, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Türkmenistanyň we sebitdäki beýleki doganlyk ýurtlaryň teklip etmegi netijesinde bolsa, 2010-njy ýylyň fewral aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi. Şondan bäri, sebit ýurtlarynyň Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýram hökmünde giňden bellenilýär.
Güneşli Diýarymyzda Halkara Nowruz güni döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýär. Gözbaşyny taryhyň müňýyllyklaryndan alyp gaýdýan bu baýramyň ajaýyp däp-dessurlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap dowam etdirilýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem ýurdumyzda bu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän çäreleriň her biri göwünlere şatlyk, buýsanç paýlaýar. Ak öýlerde baýramçylyk desterhanlary giňden ýazylýar. Her ýylda Nowruz baýramçylygy günlerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag ekmek dabarasyna badalga bermek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy.
Milli däp-dessurlarymyzy baýlaşdyrmaga esaslanýan kämil hem-de döwrebap ruhy ýörelgäniň kemala gelmegi we has-da rowaçlanmagy üçin ähli şertleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de bu ugurda başy başlanan beýik işleri dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Döwlet ähmiýetli, il bähbitli işleri hemişe rowana ýollarda dowamat-dowam bolsun!
Mähriban halkymyzy, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy reňbe-reň gül açyp gelýän Halkara Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn!
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.