Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan «Balkan» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda gojaman Hazaryň kenarynda «Bagtly çagalyk – bagtyýar geljek» atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýaş suratkeşler deňiz kenarynyň ajaýyplygyny, gözelligini öz suratlarynda wasp etmek bilen, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan hem-de ýeňiji bolan çagalara TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Maýagül GARAJAÝEWA,
TMÝG-niň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher
Geňeşiniň Sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.