GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmäge, beden we ruhy taýdan sagdyn nesili terbiýeläp ýetişdirmäge, bedenterbiýe we sport arkaly ýaş nesillerimiziň saglygyny berkitmäge hem-de sporty ýokary derejede ösdürmäge uly üns berilýär. Bu ugurda «Türkmenistanyň Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm gollanma, ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Şol maksatnamadan ugur alyp, TMÝG-niň Gyzylarbat etrap Geňeşi hem häzriki wagtda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak bedenterbiýe we sport bilen köpüçilikleýin meşgullanmaga giňden çekmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklarydyr bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýar.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we etrabyň 1-nji sport mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Sagdynlyk – röwşen geljegiň berk binýady» ady bilen sportyň taekwando görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Etrabymyzyň 1-nji sport mekdebinde geçen bäsleşik gyzykly we çekeleşikli häsiýete eýe boldy.

     Bäsleşige Gyzylarbat etrabynyň 1-nji sport mekdebine sportyň dürli görnüşlerini özleşdirmek we saglyklaryny berkitmek üçin gatnaýan okuwçylar gatnaşdylar. Bu bäsleşik, çagalaryň sporta we sagdynlyga bolan söýgülerini açyp görkezmegine mümkinçilik döretdi. Bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda eşretli zamamany peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

 

 

Güljahan GARAÝEWA,

TMÝG-niň Balkan welaýatynyň

Gyzylarbat etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

21 Noýabr 2024 | 21 okalan

«MERDANA NESIL-2024»

20 Noýabr 2024 | 32 okalan

SPORT – SAGDYNLYGYŇ ÇEŞMESI

18 Noýabr 2024 | 38 okalan

YNAMA WEPALY ÝAŞLAR