EL HÜNÄRI – IL GEZER

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan, «Arzuw» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan gyzjagazlaryň arasynda «El hünäri – il gezer» atly şygar bilen el işi boýunça bäsleşik geçirildi.

     Bäsleşigiň dowamynda gyzjagazlar alaja örmek, ýüň daramak hem-de keçäň gülüniň şekilini ýasamak boýunça bäsleşdiler. Ýerine ýetirilen şertlerde gyzjagazlar özleriniň el işlerimize bolan höweslerini, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan gyzjagazlara TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

 

Sähragül IŞANOWA,

TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

ŞADYÝAN TOMUS

Meňzeş habarlar

09 Iýul 2025 | 0 okalan

ÇEKELEŞIKLI GEÇEN SPORT BÄSLEŞIGI

09 Iýul 2025 | 1 okalan

KITAP OKAÝAN DÜNÝÄNI GÖRER