Şu gün ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynda saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, saglygy goraýyş ulgamynda ähmiýeti örän uly bolan, halkymyzyň abadançylygyna, sagdyn durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen täze “Saglyk öýüniň” binasynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.
Düýbi tutulýan täze saglyk öýi hem Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Bu bina tamamlanandan soň, ilatymyz üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýokarlandyrmaga uly goşant goşar. Täze saglyk öýi diňe bir binagärlik gurluşygy bolman eýsem, bu sagdynlygyň, ynamyň, döwletimiziň öz halkyna edýän yhlasynyň nyşanydyr. Bu ýerde ýokary derejeli hünärmenleriň işlemekleri üçin ähli şertler dörediler. Ilatyň saglygyny goramakda bu bina möhüm ähmiýete eýe bolar.
Halkymyzyň bagtyýar, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar! “Watan diňe halky bilen watandyr-döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen şygar bilen Watanmyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Aýsenem DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça
esasy hünärmeni.