BU TÜRKMENIŇ GOŞA-GOŞA TÄJI BAR, BIRI MAGTYMGULY, BIRI GOŞA TAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bilim bölümi bilen bilelikde, etrabyň 53-nji orta mekdebinde “Bu türkmeniň goşa-goşa täji bar//Biri Magtymguly, biri goşa tar” atly şygar astynda aýdym-sazly dabara geçirdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny dabaralandyrmak, beýik akyldar, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dürli medeni çäreleri guramak, şahyryň dürler hazynasyna deňelýän şygryýet dünýäsini okuwçy ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlaryň aýdym-saz sungatyna, şygryýete bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen geçirilen dabara mekdepde hereket edýän Ilkinji Ýaşlar guramasynyň düzümindäki ýaşlar işjeň gatnaşdylar. Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady, şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan aýdym-sazly dabarada mekdep okuwçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligine degişli goşgulary ýatdan okadylar, milli saz guralymyz bolan dutar saz guralynda Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary we çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler.

 

Kamolbek SOBIROW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

GÜLLEÝÄR-GÜL AÇÝAR, BITARAP WATAN

03 Dekabr 2024 | 5 okalan

BITARAPLYK – KÖŇÜLLERIŇ SENASY

03 Dekabr 2024 | 3 okalan

KÖRPELERIŇ BAÝRAMÇYLYK ŞATLYGY