Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, olary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen, «Saglyk we sport – medeni ösüşiň sazlaşykly binýadydyr» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny gurady. Talyp ýaşlar bu ýerde sportuň küşt, şaşka, düzzüm hem-de stoluň üstünde oýnalýan tennis ugurlary boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdi.
Netije-de, gyzlaryň arasynda küşt boýunça Walentina Mamedowa, şaşka boýunça Altyn Mämiýewa, düzzüm boýunça Aknabat Amankulyýewa, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Leýli Baltaýewa, oglanlaryň arasynda küşt boýunça Gurban Goçgarow, şaşka boýunça Jahangir Rozmetow, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Mekan Hojamow dagylar ýeňijiler diýlip, yglan edildiler. Bäsleşige işjeň gatnaşanlara we onuň ýeňijilerine Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çynar MÄMEDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.