Düýn, 16-njy oktýabrda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV Uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara institutyň aýdym-saz toparynyň hem-de ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary baýramçylyk ruhuny çaýdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmekde, raýatlaryň saglygyny berkitmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmakda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesi ähli türkmenistanlylaryň, aýratyn-da, ýaş nesliň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuş hemrasyna öwürmegine ýardam edýär.
turkmenmetbugat.gov.tm
17.10.2024ý.