Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza sarpa goýmak, Watanymyzy mundan beýläk-de özgertmek, halkara abraýyny artdyrmak, Magtymguly Pyragynyň ömrüni we döredijiligini, edebi mirasyny öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak, ýaş nesli beýik söz ussadynyň nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdik. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň ýaş hünärmenleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ýaş nesliň terbiýesindäki orny, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygar astynda geçýän ýylymyzda şahyryň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen geçirilýän döwlet we halkara çäreler, dana Pyragynyň baý we köpugurlylygy döredijilik dünýäsi dogrusynda täsirli gürrüňler diňlenildi. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki öwüt-nesihatlary, millilik, däp-dessur we edep-terbiýe kadalary, sagdyn-durmuş ýörelgeleri, maşgala gymmatlygy baradaky wesýetleri barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de bagtyýar ildeşlerimiz akyldaryň türkmen gelin-gyzlaryny, türkmen halkyna mahsus bolan asyllylyk, utanç-haýalylyk, päkizelik, ula hormat, kiçä sarpa goýmak, döwletlilik baradaky şygyrlaryny okadylar.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlardan hem görnüşi ýaly, beýik söz ussadynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmeginiň we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024 — 2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilmeli çäreleriň hataryna goşulmagynyň beýik şahsyýetiň döredijiliginiň dünýä jemgyýetçiliginde hem ýokary baha mynasypdyr. Soňra maslahata gatnaşyjylar muzeýde ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar.
Ýusup BABAKULOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.