BÄSLEŞIGIŇ WELAÝAT TAPGYRY GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli mirasymyz, medeni gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz ýokary derejede sarpalanylýar. Merdana ata-babalarymyzdan, paýhasly ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli medeni mirasymyzy dowam etdirmek, olaryň gymmatyny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem netijeli işler alnyp barylýar. Welaýat merkezimiz Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň, Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde yglan eden «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap we şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň welaýat tapgyryna şäher we etrap tapgyrlarynda I-II orna mynasyp bolan gyzjagazlar gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar türkmen halkynyň baý geçmiş mirasyny, medeni gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän milli el işlerini (alaja işmek, jorap örmek, keşde gaýamak, haly dokamak, keçe basmak) ýerine ýetirmek boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler. Okuwçy gyzlaryň hödürlän işlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, eziz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, halkymyzyň baý geçmiş mirasy, medeni gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň döwrebap keşbi, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýna Döwletýarowa bäsdeşleriniň ählisinden tapawutlanyp, I baýrakly orna mynasyp boldy. Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň okuwçysy Käbenur Şatlykowa bolsa II baýrakly orny eýeledi. Saýat etrabyndaky 26-njy orta mekdepden Merjen Rozymuradowa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepden Medine Myradowa we Halaç etrabyndaky 26-njy orta mekdepden Aýjeren Jomartowa dagylar III orny eýelediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine we gatnaşyjylaryna TMÝG-niň Lebap welaýaty Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlardyr Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy we olara geljekde-de üstünlikler arzuw edildi.   

 

Aýjahan MOLLAÝEWA,

TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 5914 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER

18 Noýabr 2024 | 819 okalan

KITAP — DÜNÝÄNIŇ AÇARY

18 Noýabr 2024 | 62 okalan

BERKARAR DÖWLETDE BAGTYÝAR ÇAGALYK