GÜL DIÝARYM BAGY-BOSSAN

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle meýilnamalaýyn çäreleriň biri hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň yzygiderli geçirilmegidir.

Körpelere saýa gerekdir hökman,

Saýasyz ýaşasa bimydar bolar.

Dünýä gelen adam bir agaç ekmän

Gitse, dünýämize bergidar bolar.

 

Dünýäden gitmesin hiç kim bergidar,

Iň bolman bir agaç eksin ýadygär,

Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,

Dünýä kitabynda onuň ady bar.

     - diýip, şahyr Gara Seýitliýewiň hem bag ekmegiň ömre barabar ähmiýetini belleýär.

     Täze taryhy eýýamda daşky gurşawy goramak, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň gaýtalanmajak baýlyklaryny artdyrmak baradaky meseleler döwletimiziň aýratyn üns merkezinde bolup, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Soňky ýyllarda tebigy ýerleriň gözelligini gorap saklamak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitip gitmegine garşy göreşmek, ilatyň ekologiýa baradaky düşünjeliliginiň artdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar. Ekologiýa meseleleri boýunça ýurdumyzyň kanunçylyk binýady döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär. Şunlukda daşky gurşawy goramak boýunça Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Ekologiýa auditi hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”  Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

     Bularyň ählisi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

 

Öwez GOÇOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň

Institutynyň mugallymy, polisiýanyň uly leýtenanty.

Meňzeş habarlar

03 Dekabr 2024 | 1077 okalan

KALBYMYZ JOŞ ALÝAR

29 Noýabr 2024 | 451 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 170 okalan

ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY