ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

     Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan giň gerimli işler, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, şol sanda gurulýan döwrebap obadyr şäherler, ilkinji nobatda, ýaşlaryň bagtyýarlygyny, halkymyzyň röwşen geljegini nazarlaýar.

     Ýaşlary beýik geljegimiziň gurujylary hasaplaýan hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly strategik syýasatynyň netijesinde, ýaş nesliň bilim-başarnygyny, hünär endigini döwrüň talabyna görä kämilleşdirmek möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Ýaşlaryň döwletiň hem jemgyýetiň möhüm ugurlarynda öz pikirini aýdyp, işleriň alnyp barlyşyna gös-göni gatnaşyp bilmegi ugrunda öňe sürülýän başlangyçlar, bu günki günde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda öz beýanyny tapýar. Eziz Watanymyza hyzmat etmekden belent borjuň ýokdugyny hemişe ündeýän Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda görkezýän şahsy göreldesi türkmen ýaşlary üçin ajaýyp nusgadyr.

     Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolmak bilen, ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmakda, ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmekde, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işlere ýaşlary işjeň çekmekde maksatnamalaýyn  işleri alyp barýar. Şeýle hem ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny açyp görkezmekde, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda we olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmakda gurama tarapyndan çäreler guramaçylykly geçirilýär.

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli aýratyn zehinli ýaşlara gowşurylýan Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly ada eýe bolýan ýaşlarymyzyň sanynyň ýylsaýyn artmagy bolsa has-da buýsandyryjydyr.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda, ýurdumyz boýunça 135 sany ýaşlar bu hormatly ada eýe bolup, olardan 9-sy ýaşlygyň we ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerinden ylhamlanýan we bu ýerde döredijilikli zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlardyr.

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň Arkadag şäheri boýunça ýeňijileriniň gatnaşmagynda «Öňdebaryjy ýaşlar – döwrümiziň buýsanjy» atly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde geçirilen bu duşuşykda oňa gatnaşyjy ýaşlar ýurdumyzda ýaş nesiller üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler dogrusynda buýsançly söhbetleri etdiler hem-de Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri babatda döredip berýän şertleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 0 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 105 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 138 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY