ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZ BILEN TÜRKMENISTAN ÖSÜŞIŇ WE ÖZGERTMELERIŇ ÝOLUNDA

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň häkimligi, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlarynda dürli kärlerde zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan ösüşleri, ýetilen sepgitleri wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, «Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Türkmenistan ösüşiň we özgertmeleriň ýolunda» atly dabaraly maslahat geçirdi. Maslahatda edilen çykyşlarda şanly ýylymyzda gazanylan ösüşler, ýetilen sepgitler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda paýtagtymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ähmiýeti, ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler birleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, ýaşlarymyzyň halkara ýaryşlarynda gazanan taryhy üstünlikleri dogrusynda giňişleýin hem-de buýsançly bellenildi.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar