KÖRPELERIŇ BAÝRAMÇYLYK ŞATLYGY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşiniň etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda, 7-nji çagalar bagynda «Körpeleriň baýramçylyk şatlygy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasyna çagalar bagyna gatnaýan mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpelerinden düzülen toparlar gatnaşdylar. Aýdym-saz sungatyna höwesli çagalary ýüze çykarmak, olaryň milli mirasymyza söýgüsini artdyrmak, şeýle-de, Halkara Bitaraplyk gününi dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy körpeleri ýatda galyjy pursatlara besledi. Aýdymçy körpeler tarapyndan ýerine ýetirilen şadyýan aýdymlar bagtyýarlygyň nyşany bolup ýaňlandy. Wäşi körpeler bolsa, degişmeleri, gülküli sahnalary bilen dabara gatnaşanlara gülki paýladylar. Aýdym-sazly baýramçylyk çäresiniň soňunda körpeleriň ýerine ýetiren folklor çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

     Şanly sene mynasybetli guralan dabara gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň rowaç menzilleri bilen öňe alyp barýan, körpeleriň bagtyýarlygy, il-günümiziň abadançylygy ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar