Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykyp, elimize gowuşmagy Täze ýylyň bosagasynda tutuş halkymyz üçin iň ýakymly wakalaryň biri boldy. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde, edara-guramalarda Milli Liderimiziň täze eseri bilen tanyşdyrylyş dabaralary geçirilip, bu kitabyň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şeýle dabaralaryň biri Lebap welaýat häkimliginde hem geçirildi. Oňa il ýaşululary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, döredijilik işgärleri, kitaphanaçylar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabara bagtyýar watandaşlarymyzyň çykyşlary, ýürek buýsançlary bilen başlandy. Edilen çykyşlarda halkymyzyň, kitaba, çeper söze aýratyn gymmat goýýandygy nygtaldy. Ildeşlerimiziň çykyşlarynda hem görnüşi ýaly, Milli Liderimiziň täze kitaby Gahryman Arkadagymyzyň beýleki eserleri ýaly halkymyzyň beýikligine, şöhratly geçmişine göz ýetirmekde, guwanmakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Aýratyn hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şeýle şanly we şowhunly günlerinde elimize gelip gowşan bu kitap ýaşlaryň watansöýüjiligini artdyrmakda, mertlik, gahrymançylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimiziň ýaşlaryň durmuşyna ykjam ornaşmagyny gazanmakda uly gymmata eýe bolar. Görşümiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi, halkymyzyň beýikligini açyp görkezýän «Hakyda göwheri» atly bu ajaýyp eseri her bir ynsanyň kalbynda aýratyn orun aldy. Kitaby açyp, onuň içindäki täsin we baý maglumatlar bilen tanyş bolanyňda, onuň bölümlerine aralaşanyňda hyýalyňda geçmiş taryha syýahat edip, halkymyzyň ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine bolan buýsanjyň, häzirki bagtyýar döwrümize guwanjyň we beýik geljege bolan ynamyň has hem artýar. Şeýle-de kitabyň bölümlerinde ýurdumyzyň çäklerindäki gadymy ojaklar, taryhy ýerler baradaky gymmatly maglumatlar halkymyzyň beýikligine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik açýar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik toparynyň, Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň aýdymçy-sazandalarynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Ýerine ýetirilen joşgunly çykyşlarda bagtyýar zamanamyzyň, ajaýyp döwrümiziň waspy beýan edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza özleriniň hoşallyklaryny beýan etdiler.
Durdy MAMEDOW,
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.