Bosagada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene bir ýyly — 2025-nji ýyl dur. Hemmäniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan bu şadyýan baýramçylygy ildeşlerimiziň ählisiniň kalbyna aýratyn ýakym, ýalkym, ruhubelentlik paýlaýar. Çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylymyz şanly wakalara, beýik zähmet üstünliklerine baý ýyllaryň biri bolup, bagtyýar zamanamyzyň taryhynda aýratyn yz galdyrdy. Milli medeniýete, edebiýata bagyşlanan ýylymyzda ähli pudaklarda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ýurdumyzyň rowaçlyklarynyň binýadydyr. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli gowulandyrmak ugrundaky özgertmeler we alnyp barylýan sazlaşykly işler bagtyýar döwrümiziň täze ösüşlerine şaýatlyk edýär.
Täze ýyl mynasybetli biz hem Dänew etrabyndaky «Gala» toý mekanynda baýramçylyk dabarasyny geçirdik. Oňa TMÝG-niň etrap we şäher geňeşleriniň işgärleri, işjeň agzalary, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Şeýle hem dabaranyň dowamynda şanly ýylymyzyň dowamynda dürli döredijilik bäsleşiklerine, medeni çärelere işjeň gatnaşan bagtyýar ýaşlaryň ýürek buýsançlary diňlenildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, joşgunly tanslar baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýyp, ildeşlerimize ruhubelentlik paýlady.
Narmurad BABAÝEW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher
Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.