ZENAN BAGTY – DÜNÝÄ BAGTY

Ýakynda sarpasy belentde tutulýan gyz-gelinlerimiziň baýramy bolan 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli Ýolöten etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Ýolöten şäherindäki «Ajaýyp agşam» toý mekanynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň gatnaşmagynda «Zenan bagty –dünýä bagty» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabaranyň başynda gyz-gelinler baýramçylyk gutlagy bilen çykyş etdiler. Ajaýyp gutlag sözleri bilen utgaşyp giden aýdymlardyr gözel tanslar zenanlara ruhy lezzet paýlady. Etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şirinden-şirin aýdymlary eziz enelerimize, gözel zenanlarymyza bagyşlanyldy. Dabaranyň dowamynda köp çagaly enelere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan gül desseleri gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrümizi bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Uzukjemal ÖMÜROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň işgärler işi

boýunça baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Mart 2025 | 1 okalan

MEDENI MIRASYM – MÜDIMI MIRASYM

11 Mart 2025 | 1 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI