SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI BARHA ROWAÇLANÝAR

Hemişe sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, ýaşamagyň, saglyga zyýan ýetirýän ýaramaz endiklerden daşda durmagyň ömrüň uzak bolmagynda, saglygyňy goramakda uly ähmiýete eýedigi subut edilen hakykatdyr. Şonuň üçinem sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, ýagny adama ýaramaz täsir edýän zyýanly endiklerden daşda durmak, sport bilen meşgullanmak, elmydama hereketde bolmak, dogry iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek wajypdyr. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Has dogrusy, täze taryhy döwre sagdyn durmuş ýörelgesi has-da rowaçlanýar. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, Çärjew etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabynyň 25-nji orta mekdebinde bilim alýan okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Sagdyn jemgyýet-kämil döwlet” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan saglygy iň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi barada aýdylyp ýaşlaryň hem ýaramaz endiklerden daşda durmak maksady bilen düýpli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlar barada uly aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Tawus MEŇLIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI