Gözel ýaşaýşa, dostluga, sagdyn durmuşa esaslanýan sagdynlyk, ruhubelentlik ýörelgeleri halkymyzda ruhy joşgun döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabynda belleýşi ýaly, her bir ynsanyň beden we ruhy taýdan sagdyn kemala gelmeginde, sazlaşykly ösýän jemgyýeti döretmekde bedenterbiýäniň, sportuň ähmiýeti örän uludyr.
Golaýda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda, şeýle-de mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sportuň şaşka, ýeňil atletika ugurlary boýunça sport ýaryşlary geçirildi. Geçirilen sport ýaryşlarynda okuwçylar öz aralarynda güýç synanyşyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçirildi. Turuwbaşdan çekeleşikli häsiýete eýe bolan bu sport ýaryşynyň şaşka ugry boýunça gyzlaryň arasynda:
I orna Aýhan Begmuradowa,
II orna Hajar Haýydowa,
III orna Dilara Jumanazarowa dagylary,
oglanlaryň arasynda bolsa:
I orna Arslan Rawşanow,
II orna Ramazan Azadow,
III orna Serdar Iskenderow
dagylar mynasyp boldylar.
Sportuň ýeňil atletika 60 mert aralyga ylgamakda orta mekdebiň ýokary synp okuwçylary Berdi Amangeldiýew, Farhat Ereşow, Ýaşuzak Joraýew dagylar öňe saýlanmagy başardylar.
Ýaryşda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşurylyp, ýaşlara geljekde ata Watanymyza wepaly, ylymly-bilimli, ruhubelent, sagdyn, kämil ýaşlar bolup ýetişmekleri arzuw edildi.
Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.