Golaýda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Gülüstan daýhan birleşiginiň miweli bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Saýat etrap Geňeşi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda “Bahar gelse diýara-keşde çekýär ýaýlama” ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi.
Dabarada etrabyň medeniýet-sungat ussatlary, folklor toparlary, çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary pasyllaryň soltany hasaplanýan bahar paslynyň gözelliklerini, güneşli Diýarymyzy wasp edýän aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen dabaranyň şowhunyny has-da belende galdyrdylar. Ýaşajyk suratkeşleriň türkmen tebigatyny wasp edip çeken surat eserleri bolsa ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Türkmen halkynyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Nursoltan MAKSUDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Saýat etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.