ŞYGRYÝET DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    Şu gün Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky “Çynar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde gurnamagynda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanan çaý başynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu döredijilik duşuşygyna ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijileriniň, halypa ýazyjy-şahyrlaryň, şeýle hem, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

     Şygryýet duşuşygynda edebiýatsöýüji ýaşlar özara pikir alyşdylar we öz döreden goşgularyny hem-de milli we daşary ýurt şahyrlaryň goşgularyny okadylar. Täsirli geçen döredijilik duşuşygy oňa gatnaşan ýaşlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň özara dostlaşmagyna, tejribe alyşmagyna mümkinçilik döretdi. Täsirli geçen duşuşykda halypalar döredijilige höwesli ýaşlar bilen öz tejribelerini paýlaşdylar, gymmatly maslahatlaryny berdiler.