WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, şeýle-de «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 1–31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasynyň» maksady, ýaramaz endikleriň adam bedenine edýän täsiri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, internet torlaryndan dogry peýdalanmak dogrusynda gürrüň etdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda raýatlaryň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ybraýym HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

08 Iýul 2025 | 2 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI

08 Iýul 2025 | 2 okalan

WATANYŇ GUWANJY — BAGTLY ÇAGALAR