Ýakynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi bilen bilelikde guramagynda welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň gyzlarynyň arasynda «Ezber elli gözeller» atly bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Bäsleşik berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.
Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça:
I orna - Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 1-nji ýyl talyby Sülgün Astanowa;
II orna - Türkmenabat şäheriniň Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bejeriş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Joraýewa;
III orna - Türkmenabat şäheriniň Ýörite sungat orta hünär okuw mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty ugrunyň 1-nji ýyl talyby Selbi Imanowa hem-de Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 2-nji ýyl talyby Laçyn Öwezmyradowa dagylar mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.
Nigara GÜNDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat
Geňeşiniň baş buhgalteri.