Düýn ýurdumyzyň ähli künjegini Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabaralar gurşap aldy. Arkadag şäheriniň çäginde geçirilen dabaralar hem bagtyýar körpelerimiziň hormatyna guraldy.
Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen çäre oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy. Çünki çäräniň çäklerinde şäheriň çäginde hereket edýän çagalar bakja-baglaryndan, orta mekdeplerinden körpeleriň aýdym-sazly çykyşlary, folklor sahnalary, medeniýet-sungat ussatlarynyň ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýan sahnalary hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda «Bilermenje» ady bilen sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Soraglara jogap beren körpelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde görkezilen oýunlar has-da artdyrdy. Arkadag şäheriniň bagtyýar körpeleri özleri üçin döredilýän şeýle döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.