AWAZADAKY DYNÇ ALYŞ GELJEKKI ÜSTÜNLIKLERE BADALGA

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar aýynda Monako Knýazlygyna amala aşyran iş sapary Berkarar döwletimiziň taryhynda möhüm orun tutdy. Saparyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda baş baýraga, beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşmagam toparyň şanyna tutuljak dabaralaryň özboluşly badalgasyna öwrüldi.

Soňra Arkadag şäherinde belentden tutulan dabarada meşhur toparyň agzalaryna Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly möçberli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan olara «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezine 10 günlük ýollanmalar sowgat berildi.

Ýakynda hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Balkan welaýatynyň kenarýaka Türkmenbaşy şäheriniň demir ýol menzilinde dabaraly garşy alyndy. Aýdym-sazyň owazy astynda duz-çörekli garşylanan meşhur toparyň agzalary göwün göteriji çärelerden soň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýola düşdiler. Myhmanlaryň «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezine mübärek gadamlaram gyzykly çärelere ulaşdy. Bu ýerde olar çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň birinji tapgyrynyň başlanmagy mynasybetli guralan dabaranyň arzyly myhmanlary boldular. Şonuň ýaly-da döwrebap merkezde hereket edýän gurnaklaryň işleri hem-de medeniýet merkezindäki muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdyryldy. Awazadaky «Älemgoşar», «Jadyly kenar» seýilgählerine, «Gämiler dünýäsi» muzeýine, gözel we taryhy ýerlere, Awaza derýasyna, Hazar deňzine guralan gezelençlerem ýatda galyjy, özboluşly pursatlara baý boldy.

Dynç alşyň bellenilen meýilnamasyna laýyklykda, Awazada dynç alýan çagalardyr ýetginjekler bilen guralan duşuşyklaram has-da gyzykly geçdi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary, behişdi bedewlerimiz, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bütin älem içre gazanan ýeňişleri, çagalar barada döwlet möçberinde edilýän aladalar hakyndaky çykyşlaram bu ugurdaky işleriň ähmiýetini artdyrdy.

Şu günlerde bolsa gürrüňi edilýän abraýly toparyň agzalary tomusky dynç alşyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin medeni-sport çärelerinde işjeňlik görkezýärler. Olar «Awaza-dostlyk mekany» atly halkara tans we folklor festiwalynyň geçirilen günlerinde-de medeni çärelere buýsançly gatnaşdylar.

Ýaňy-ýakynda hem biz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew bilen duşuşyp, olaryň iş-aladalary dogrusynda gürrüňdeş boldyk. Şonda ol:

– Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet sirkiniň birleşen toparlary bolup. ýurdumyzyň sebitlerinde görkezen göçme çykyşlarymyz ýaňy ýalydy. Şondan bärem köp ýerlerde çykyş etdik. Golaýda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Halkara etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdyk. Bütindünýä etnosport konfederasiýasy tarapyndan indi 7-nji gezek guralan festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyz mynasyp çykyş etdi.

 Doganlyk ýurtda geçirilen etnosport festiwalynda toparymyzyň agzalary at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmekde ýokary derejedäki ussatlyklaryny görkezdiler. Aýdym-sazlar bilen utgaşykly ýerine ýetirilen täsin, çylşyrymly tilsimler, milli lybaslarymyzyň özboluşlygy, gözellikde, owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, çeýeligi, merdanalygy bolsa etnosport festiwalyna gelen adamlarda uly gyzyklanmalar döretdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toparymyzyň agzalaryna döredip berlen döwrebap şertlerdir mümkinçilikler, gazanylan uly ýeňişler bolsa bizi geljekki ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzyň atçylyk sportynyň, sirk sungatynyň ýeten belent derejelerem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallalarynyň şirin miweleridir diýip uly buýsanç, egsilmez hoşallyklar bilen aýdasym gelýär. Biz bu hakykaty geçirilýän dürli çärelerde, maslahatlarda, duşuşyklarda hem aýratyn belläp geçip, taryhy eýýamyzyň gadyr-gymmatyny bilmegi ösüp gelýän ýaş nesillere yzygiderli wagyz-ündew edýäris.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ägirt uly işleriniň hem hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşsyn! – diýip, buýsanç bilen gürrüň berdi.

turkmenistan.gov.tm