DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda hereket edýän Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkeziň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” atly gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň mejlisler zalynda geçirilen döredijilik duşuşygyna halypalar we ýaş žurnalistler gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda žurnalistikanyň we edebiýat dünýäsiniň möhüm talaplary barada çykyşlar edildi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredijilik işgärleri ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri çeper sözde wasp edip dünýä ýaýýarlar. Munuň özi kalby ylhamly ynsanlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmegine we döredijilik äleminde öz mynasyp ornuny tapmagyna ýakyndan ýardam edýär.

Ýaş şahyrlaryň galamyndan dörän eserlerini okap bermeginde, edebiýat älemi barada täsirli maglumatlaryň beýany bilen özara sazlaşykly geçirilen duşuşyk  ýurdumyzda halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigine we ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmaga uly mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döredijilik bilen meşgullanmagy,  giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

Çeper NAZARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen

milli dünýä dilleri institutynyň magistri,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar