Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň guramagynda Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda «tegelek stoluň» başynda geçirlen söhbetdeşlik duşuşygyna ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin häsiýete eýedigini, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyzyň 16-17-nji iýulda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşýandygynyň aýdyň beýanyna öwrülendigini aýratyn nygtadylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler 4–8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljekdigini, bu forumyň ýokary derejede geçmeginde Gahryman Arkadagymyzyň Guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde öňde goýýan wezipeleriniň uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.
Turuwbaşdan täsirli geçen söhbetdeşlige gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterendigi, dünýäniň dürli ýurtlary, şol sanda goňşy döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklary berkitmekde we täze derejelere çykarmakda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Annamuhammet GULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň bölüm müdiri.