TEBIGAT DURMUŞYŇ GÖZELLIGIDIR

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň täsirli we guramaçylykly geçirilmegini gazanmak maksady bilen Mary welaýatynyň Garagum etraynyň 5-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda «Tebigat durmuşyň gözelligidir» ady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi.

Çagalar ajaýyp Diýarymyzyň gözel tebigatyny beýan edýän owadan hem täsirli suratlary çekdiler. Her bir surat özüniň aýratyn manysy boýunça tapawutlanyp, olarda çagalaryň tebigat baradaky garaýşy aýdyň göründi.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Sülgün AGAJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Garagum etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

13 Sentýabr 2025 | 119 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

11 Sentýabr 2025 | 60 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI