DIÝARYMDA ÝAŇLANSYN AÝDYM-SAZYŇ OWAZY

Tomus paslynda körpe nesillerimiziň wagtlaryny gyzykly geçirmek we olarda aýdym-saza bolan höwesi has-da artdyrmak maksady bilen Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 4-nji çagalar bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň guramagynda «Diýarymda ýaňlansyn aýdym-sazyň owazy» atly dabara geçirildi.

Gyzykly geçen dabaranyň dowamynda körpeler öz ukyp-başarnyklaryny aýdym-sazyň, goşgularyň üsti bilen açyp görkezdiler, şeýle-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Aýdym-sazly baýramçylyk dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.


Sülgün ATAÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar