Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň hem-de Mary şäher Polisiýa bölüminiň bilelikde guramagynda Mary şäher häkimliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistan – dost-doganlyk mekany» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň başlygy, Mary şäher Halk Maslahatynyň başlygy ilkinji bolup çykyş etdi we duşuşygy alyp bardy. Soňra duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýaty boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň uly gözegçisi, Mary şäher Polisiýa bölüminiň KÝÝIBB-niň gözegçisi çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan her bir işini bu günki günde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän, ösüşlere beslenen döwlet syýasaty netijesinde döwletleriň arasynda işjeň gatnaşyklaryň, hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulýandygy barada nygtadylar. Şeýle-de, olar daşary ýurtlara okamak, işlemek, syýahat etmek maksady bilen gitmek isleýän raýatlara, şol ýurda barmak üçin wizanyň ýa-da degişli rugsatnamanyň zerurdygy we ony resmileşdirmegiň tertibi barada anyk maglumatlary, degerli maslahatlary berdiler. Millilik, edep-terbiýe kadalary, internet we beýleki web saýtlaryň peýdasy we ýetirip biläýjek zyýanlary dogrusynda giňişleýin durup geçdiler.
Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara giňişligindäki tutýan ornuny has-da ýokarlandyrmakda beýik başlangyçlary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.
Annagözel SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.