ZÄHMETSÖÝERLIK BAGTYÝAR WE UZAK ÝAŞAMAKDYR!

Ýakynda, Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda dynç alýan çagalaryň arasynda tomus paslynyň dowam edýän günlerinde körpeleriň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmekleri hem-de zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen «Zähmetsöýerlik bagtyýar we uzak ýaşamakdyr!» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler ýaşlarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly duýgulary oýarmak, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryny gazanmak hem-de ýaş nesillerde asylly häsiýetleri terbiýelemek dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Duşuşykda edilen çykyşlar ýaşlarda Watana, il-güne bolan söýgini artdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hem-de ýaş nesiller döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Aýjan UMYTJANOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Öňki makala

EL GÖRKI HÜNÄR

Meňzeş habarlar

29 Iýul 2025 | 48 okalan

EL GÖRKI HÜNÄR

29 Iýul 2025 | 50 okalan

MAŞGALAM – BAŞ GALAM