«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky Ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Miras» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada «Tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlik duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Hoşgeldi Annageldiýew; Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi Öwezgeldi Atageldiýew; Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň Magtymguly adyndaky IÝG-nyň başlygy Myrat Goşaýew; Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky IÝG-nyň başlygy Osman Aşyrow; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy Döwran Myradow gatnaşdylar.

Çykyş edenler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstümizdäki ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada belläp, bu halkara maslahata gatnaşjak daşary ýurtly wekiller bilen alnyp baryljak işleri bellediler. Hazaryň sapaly kenarynda ýerleşýän bu ýerdäki wekilçilikli forumyň dowamynda dürli medeni çäreleriň guraljakdygyny belläp, soňky ýyllarda Awazada halkara derejeli duşuşyklardyr forumlar, konsertlerdir festiwallar yzygiderli geçirilip, olar dünýä döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boljakdygyny bellediler.

 

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher

Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin

habar beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar