Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň howandarlygynda geçirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýeti forumynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Forumyň açylyşyna BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, halkara we sebit guramalarynyň, degişli döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, ýaşlar guramalary hem-de meýletinçiler gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar forumyň ähmiýeti, onuň gün tertibindäki meseleleri hem-de ýurdumyzyň halkara derejedäki hyzmatdaşlyk başlangyçlary bilen tanyşdylar.
Raýat jemgyýeti forumynyň dowamynda geçirilen plenar mejlisde jemgyýetçilik institutlarynyň häzirki döwrüň çylşyrymly ýagdaýlarynda eýeleýän ornuna, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşygynyň zerurdygyna aýratyn üns berildi.
Plenar mejlisiň dowamynda Raýat jemgyýeti forumynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilmegi göz öňünde tutulýan Jarnamanyň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Jarnamada raýat jemgyýetiniň durnukly ösüşe goşandy, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, ýaşlaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň halkara başlangyçlara goşulyşmagy ýaly ugurlar beýan edilýär.
Mejlisiň dowamynda dürli ýurtlardan gelen jemgyýetçilik wekilleri bilen interaktiw görnüşde pikir alyşmalar, sorag-jogaplar hem-de tejribe paýlaşyldy. Çykyş edenler Türkmenistanyň dürli halklary birleşdirýän halkara duşuşyklara, aýratyn-da jemgyýetçilik hyzmatdaşlygyna giň mümkinçilik döredýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.
Forum işjeň gepleşikler, tejribe alyşmalar hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen dowam edip, Raýat jemgyýeti forumynyň netijeleri hökmünde kabul ediljek Jarnamanyň halkara derejede raýat jemgyýetiniň mümkinçiliklerini giňeltmäge goşant goşmagyna garaşylýar.
Annageldi GODOROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we
meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziniň başlygy.