NESIL TERBIÝESI

Her bir halkyň geljegi onuň ýaş nesillerine baglydyr. Nesil – ata-babalaryň ýoluny dowam etdiriji, ýurduň döredijilik güýji we döwletimiziň daýanjydyr. Şonuň üçin ýaşlary dogry terbiýelemek jemgyýetiň öňünde duran iň möhüm wezipe bolup durýar.

Terbiýe diňe bir maşgalada däl, eýsem jemgyýetde, mekdeplerde, jemgyýetçilik guramalarynda hem dowam edýär. Çaganyň ilkinji mekdebi onuň öýüdir. Ene-atanyň sözleri, hereketleri, ýaşaýyş ýörelgesi çaganyň kalbynda yz galdyrýar.

Nesil terbiýesinde milli mirasymyza, ahlaklylyk ýörelgelerine, zähmetsöýerlige, ynsaplylyga aýratyn orun berilýär. Çaga bilim almak bilen çäklenmän, Watana, halka wepaly, adamlara hormat goýýan şahs hökmünde ýetişmelidir.

Bilim hem terbiýe utgaşanda, ýaş nesil jemgyýetiň öňünde jogapkär, zehinli we halal zähmetli şahsyýet bolup ýetişýär. Ýaşlaryň döredijilik taýdan ösdürilmegi, sporta, sungata, ylma bolan höwesleriniň goldanylmagy hem terbiýäniň möhüm bölegidir.

Şeýle-de, häzirki döwrüň talaby ýaşlaryň döredijilikli pikirlenmegi, dünýä bilen aýakdaş gitmegi, täze tehnologiýalardan baş çykarmagy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne muňa ýetmek üçin olaryň ýüreginde il-ýurt söýgüsi, ata-enä hormat, adalatlylyk ýaly gymmatlyklaryň berk orun tutmagy zerurdyr.

Nesil terbiýesi – jemgyýetiň ösüşiniň, döwletiň durnuklylygynyň we halkyň bagtyýar geljeginiň esasy düzümleriniň biridir. Terbiýe diňe bir ene-atanyň çagasyna edýän täsiri bilen çäklenmän, bütin jemgyýetiň, däp-dessurlaryň, milli ýörelgeleriň, pähim-paýhaslaryň ulgamyny hem özünde jemleýär. Türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän baý medeniýeti hem-de ruhy mirasy nesil terbiýesiniň berk binýadyny döredýär.

Näzik ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 40 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 40 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM