MILLI ÝÖRELGELERIŇ DABARALANMAGY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň her bir güni şöhratly wakalara, taryhy senelere beslenýär. “Watan diňe halky bilen Watandyr!”, “Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda ata-babalarymyzyň pähim-parasatyndan, döwletlilik ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda milli demokratiýany ösdürmek boýunça halk bähbitli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halkynyň asylly däp-dessurlarynyň biri hem öz gözbaşyny müň ýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleridir. Ara alyp maslahatlaşmak däbi gadymy döwürlerden bäri bolup, ol halkyň, ýurduň möhüm meselelerini, mizemez durmuş ýörelgelerini, dessurlaryny, ajaýyp däplerini jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne, ösüşiň özenine öwrüpdir. Milli özboluşlylyk maslahatlarda öz beýanyny tapypdyr. Her bir işde halka sala salmak, ýaşulularyň pähim-parasatyna hormat goýup, olaryň pikirini öwrenmek ýaly döwletlilik ýörelgeler müňlerçe ýyl bäri türkmenleriň durmuşynda dowam edip gelýän demokratik ýörelgeleriň birine öwrüldi.

Ata Watanymyz Garaşsyzlygyny alan gününden bäri ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy hem döwre görä yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär. Bu işler şöhratly ata-babalarymyzyň döwleti berkarar etmekde we dolandyrmakda toplan baý tejribesi, öňdebaryjy dünýä döwletleriniň şu ugurda gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar. Bu bolsa adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem-de jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga, hukugyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Jemgyýetde asudalygy hem-de agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkitmäge ýurduň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmäge oňaýly şertleri döredýär. Munuň özi Halk Maslahaty, Ýaşulular geňeşi ýaly demokratik düzümleriň döredilmeginde we olaryň il bähbitli işlerinde öz beýanyny tapýar.

“Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanun Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek bilen, demokratik institutyň döwrebaplaşmagyny alamatlandyrýar. Esasy Kanunymyzyň 6-njy maddasyna laýyklykda, “Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr.”. Onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly ýörelgelere esaslanýar.

Şu ýylyň 20-nji awgustynda kabul edilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyz ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere buýsanyp, döwletimiziň beýik geljegine uly ynam bilen garap, jebislikde, agzybirlikde zähmet çekýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meselelere ilatyň ähli gatlaklarynyň wekillerini giňden çekmek arkaly maslahatlaşyp çözmek baradaky başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gadymdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiz, bu gün täze many-mazmuna eýe bolýar. Üstümizdäki ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan tejribesiniň dabaralanmasyna we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasyna öwrüler.

Sabyrgeldi BEGOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Daşoguz

şäher Geňeşiniň başlygynyň orunbasary.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 32 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 30 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM