DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

Ýedinji synpy tamamlap sekizinji synpa geçýän Bägül üçin bu ýylky dynç alyş möwsümi ýatda galyjy pursatlara beslenipdi. Her ýyl dynç alyşy obada enesiniň ýanynda geçirýän Bägüle Gökdere jülgesindäki dynç alyş merkezi gaty üýtgeşik göründi. Ilki bilen ony haýrana goýan, hem-de begendiren zat bu ýere ähli welaýatlardan, etrapdyr-şäherlerden çagalaryň gelmegidi. Her kim bir künjekden gelenem bolsa, göýä ozaldan tanyş ýaly bir-birleri bilen öwrenişip, dostlaşyp gidiberýärler. Bägül «Bu ýer, dost- doganlygyň mekany ekeni. Näme üçin, geçen ýyllar gelmändirin?» diýip oýlandy. Ýene-de ony gyzyklandyran zat bu ýerdäki çagalaryň ählisiniň zehinliligi boldy. Abadan atly ilki tanyşan gyzynyň säginmän iňlisçe arassa gürläp bilşi Bägüli haýran galdyrypdy. Lebap welaýatyndan gelen şu ýyl bäşinji synpa geçen Medine atly gyzyň rus dilinde suwara gürleýşi, Balkan welaýatyndan gelen Aýlar atly gyzjagazyň gazal çekişi, Aşgabat şäherinden gelen Şamyrat atly oglanjygyň mugallymlary hem küşt oýnanda utuşy, Baýramaly şäherinden gelen Humaý atly gyzjagazyň surat çekişini göreniňde “Zehin, Zehin, Zehin” diýeniňi duýman galýarsyň. mugallymlar bu ýerdäki çagalary göz eleginden geçirip kimiň nämä ukyplydygyny, haýsy ugurdan başarnygynyň bardygyny derrew bilýärler. Gezek Bägüle gelende ol birbada aljyrady. Çemen mugallym onuň ýagdaýyny aňyp:

— Bägül aljyrama, her bir çagada hökman zehin bardyr. Hany senem boýdaşlaryňa öz zehiniňi görkez — diýende ol birbada dymdy. Soňra bolsa:

 — Mugallym, men mekdepde matematikadan gowy okaýaryn. Ýönekeý amallary çalt hasaplamakda men mydama birinjidim. Ýene-de, her ýyl obada enemiň ýanynda bolanymda enemden, daýzamdan haly dokamagy, keçe basylanda keçäni dürli güller bilen bezemegi öwrendim. Muňa “keçe güllemek” hem diýilýär — diýdi. Çemen mugallym:

 — Berekella, sen gaty zehinlije ekeniň, owadan halylary dokamak, keçe güllemek üçin hem ukyp-başarnyk gerek. Bizde bu ýerde el işleriniň gurnagy hem bar. Sen bu işleriň nähili edilişini joralaryňa şol gurnaklarda öwredip bilersiň — diýdi. Bägül «bolýa» diýen äheňde baş atdy.

Bägüliň Abadan diýen jorasy:

— Biler bolsaň biz bu ýere diňe bir dynç almaga däl, eýsem täze tanyşlarymyzdan, birek-birekden köp zatlar öwrenmäge geldik. Sen bize çalt we dürs hasaplamany, haly dokalyşynyň, keçe basylyşynyň syrlaryny öwret. Biz bolsa saňa, iňlisçe, rusça gürleşmegi öwredeli. Dynç alşy tamamlap mekdebimize baranymyzda mugallymlarymyz «Dynç alyşda näme öwrendiňiz?» diýip soranynda biz öwrenen zatlarymyzy aýdyp bereris. —diýdi. Çemen mugallym:

— Berekella, çagalar. Biler bolsaňyz, bu ýer dostlugyň-doganlygyň mesgenidir. Bu ýerde näçe köp zatlary öwrenip bilseňiz özüňizi kämilleşdirersiňiz. Şu zatlara düşünmegiňiz, göz ýetirmegiňiz hem eýýäm siziň daşary ýurt dillerini, bilim we hünär öwrenmekdäki ilkinji ädimleriňizdir. Size üstünlik arzuw edýärin! –diýdi.

—Sag boluň mugallym!– diýip, jogap beren çagalaryň ählisiniň kalby şatlykdan doludy.

Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň her güni şeýle gyzykly wakalara beslenýärdi.

Selbi TÄJIMYRADOWA,

Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň

daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen

65-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

10 Sentýabr 2025 | 40 okalan

DOST-DOGANLYK MESGENINDE (hekaýa)

10 Sentýabr 2025 | 38 okalan

NEBIT-GAZA BAÝ WATANYM