Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň çäginde ýerleşýän ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagynyň öňüni almak maksady bilen dürli wagyz-nesihat çäreleri, okuw sapaklary geçirilýär. Çünki ýol medeniýetini öwrenmek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň abatlygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýär. Şonuň üçin ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek — her bir adamyň ynsanperwerlik borjudyr.
Ýol medeniýeti diňe bir düzgün bilen çäklenmeýär. Ol adamkärçilik, hormat, ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklary hem özünde jemleýär.
Ýol hereketiniň abatlygy döwlet derejesinde hem üpjün edilýär. Ýollaryň hilini gowulandyrmak, ýol hereketini dolandyrmak üçin sanly ulgamlar girizmek — bularyň ählisi jemgyýetiň abadançylygyna hyzmat edýär.
Aýsenem DURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.