Pifagor baryp 2,5 müň ýyl mundan ozal ähli hadysalary we pikirleri sanlaryň kömegi bilen aňladyp we düşündirip boljakdygyny aýdypdyr. Onuň tassyklamasy häzirki döwrümizde örän wajypdyr. Bu günki günde sanly rewolýusiýa arkaly «sanly aborigenleriň» täze nesli kemala getirilýär.
Sanlylaşdyrma hadysasynyň ulgamlaýyn häsiýeti bardyr. Adaty predmet gurşawynyň we öwrendekli «real» sosial gatnaşyklaryň gurşawy bilen bir hatarda, onuň bilen özara täsirde bolýan we oňa sepleşýän parallel «sanly nesil» kemala gelip, onsuz bu günki günde häzirki zaman ykdysadyýetiniň, aragatnaşygyň, dynç alşyň, syýasy gatnaşyklaryň hereketlenişini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Üstesine-de, wagtyň geçmegi bilen sanly reallygyň giňişligi diňe giňelmek bilen, biziň ýaşaýyş-durmuşymyzda has ähmiýetli orna eýe bolýar. Çagalaryň sosiallaşmagy bu gün diňe bir maddylaýyn dünýäde we adaty sosial özara hereketler gurşawynda däl, eýsem, sanly gurşawda amala aşyrylýar.
Pedagog M.Prenskiý 2000-nji ýylda ilkinji gezek täze hadysany beýan edip, «sanly nesil» düşünjesini esaslandyrdy. Ol täze nesliň öňküden düýpgöter tapawutlanýandygyny nygtasa, J.Pelfri we K.Gasser «Z» nesliň (sanly) meňzeşliginiň birbada birnäçe: sanly we real giňişlikde bolýandygyny bellediler.
Sanlylaşdyrma hadysasyny jemgyýetiň bilim, ykdysady ulgamlarynyň diňe bir nazaryýetine däl-de, has ähmiýetli amalyýetine ornaşdyran dünýäniň ösen ýurtlarynda bilim düşünjeleri sanlaşdyrma we adaty (sanlaşdyrmadan öňki) usulyýetde özleşdirenleriň psihologik aýratynlyklary barada belli bir deňeşdirilmeli maglumatlar toplanandyr. Bu usulyýetleriň artykmaçlygy we birtaraplaýynlyklary baradaky seljerilmeler sanlaşdyrmanyň nazary we amaly ornaşdyrylmasyna ýaňy-ýakynda girişen, onuň doly möçberleýin ornaşdyrylmagy köp derejede geljegiň wezipesi bolýan hünärmenler üçin belli bir ähmiýetiniň boljakdygy şübhesizdir. Şonuň üçin gozgalýan mesele boýunça eýýäm gazanylan tejribeleriň käbir taraplary barada okyjylary tanyşdyrmagy zerur hasaplaýarys. Eýsem, atlandyrylyşy köp derejede şertli bolan «sanly nesliň» haýsy aýratynlyklary bilermenleriň ünsüni çekýär? Bilermenler sanlaşdyrmadan öňki we sanly nesliň arasyndaky tapawudy real hakykat hasaplap, olaryň bilim berişde nazarlanmagyny zerur hasaplaýarlar. Bir tarapdan, sanlaşdyrmadan öňki nesil sanly jemgyýete birleşmekde kynçylyk çekýärler; başga bir tarapdan, sanly nesil sanlaşdyrmadan öňki bilim prosesine girişmäge taýýar däl.
Psihologik-pedagogik edebiýatda sanly nesle iki hili çemeleşmäniň bardygy aýdylýar. Bilermenleriň pikirine görä, jemgyýet sanly tehnologiýany tankytlamaga ýykgyn edip, onuň sebäbi çagalarda ýaramaz endikleriň ösýändigi, ýaş adamlaryň kompýuter oýunlarynda ýaşap, jemgyýetçilik durmuşyna höwes bildirmeýändigi bilen baglanyşdyrylýar. Ikinji çemeleşme has optimist, umytlydyr. Onda sanly tehnologiýalar arkaly çagalaryň oňaýly ýagdaýda ösmegini şertlendirýän täze mümkinçilikleriň döreýändigi nygtalýar.
Barlaglaryň görkezişine görä, «Z» (sanly) nesil öňki nesle seredeniňde, durmuşa umytly we oňyn gatnaşykda bolýar, 90-njy ýyllarda doglanlardan has geçirimli we onçakly özdiýenli däl. Bu ýagdaý, esasan, 1990 — 2000-nji ýyllarda bolan jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady hadysalar bilen baglanyşykly hasaplanylýar.
Bu günki günde «sanly nesil» ýa-da «sanly eýýamda doglan» nesil adalgasy bilen köplenç dürli enjamlaryň: dürli tipli kompýuterleriň, smartfonlaryň, oýun enjamlarynyň gurşawynda ulalan ýaş adamlar atlandyrylyp, «sanly nesliň» esasy alamatlaryna şular degişli edilýär.
Sanly eýýamda doglanlar: jübülerinde hususy kiber giňişliginiň bardygyny duýup ýaşaýarlar, bu duýgy wagtyň geçmegi bilen has güýçli we berk bolýar; bir dürli, şol sanda adaty ýumuşlary ýerine ýetirip, gajetleri ulanyp olaryň üstüni ýene-de birnäçe ýumuşlar bilen ýetirýär (saz diňlemek, telegörkezişlere seretmek, sosial torlarda aragatnaşykda bolmak); okamaklyga, multimedia maglumatlara seretmeklige (diňlemeklige) has az wagt sarp edýär. Internet setinde işlemegi telewizora seretmek bilen utgaşdyrýar, oňa kompýutere seredende has «haýal» enjam hökmünde garaýar; sanly resurslaryň köp sanlysynyň elýeterligini duýýar, bu resurslar olary iň bir gysga möhletde lezzet agtarmaga meýillendirýär; adaty gündeliklerden ýüz öwrüp, her gün ýazgylar edýär, bloglarda we sosial torlarda duýgularyny paýlaşýar, ünsüň jemlenmeginde ýetmezçilik bolup, ol ýygy-ýygydan adaty usullarda okatmakda ýüze çykýar.
Başga bir tarapdan, «sanly nesliň» häsiýetli alamatlary olaryň birnäçe psihologik häsiýetnamalary boýunça hem yzarlanylýar:
— kognitiw (akyl ýetiriş) jähetde — pikirlenmäniň mozaikalylygy («klipliligi»), ünsüň dagynyklylygy (barlaglaryň görkezişine görä, olar öz ünsüni bir predmetde 8 sekuntdan köp saklap bilmeýärler), möçberi uly tekstleri okap we düşünip bilmezlik, leksikanyň çäkliligi, real-hakyky we wirtual (şertli belgidäki, keşp-shemadaky) giňişlikleri garyşdyrmak («dünýäniň ýüzýän keşbi»), pes derejede ösen döredijilikli hyýal, «durmuşyň yza öwrüjiligi» illýuziýasy-aldanmasy;
— emosional-erk ösüşi jähetde — duýma tejribesiniň garyplygy, barlygyň ýönekeýleşdirilen keşbi, real durmuşy «örän ýürege düşgünç» we «örän haýal» görnüşde kabul etmek, takatsyzlyk we bada-bat höweslendirmä isleg, yzygider kyn zähmete ukypsyzlyk;
— sosial ösüş jähetde — infantilizm-çaga pisintlilik (ilerledilen intellektual we yza galýan sosial we şahsy ösüşiň arasyndaky sazlaşyksyzlyk), indiwidualizm (öz bähbidiňi ileri tutmak), özüniň gaýtalanmazlygyna we ýeke-täkligine ynam, janly aragatnaşyga islegiň pesligi, bilelikdäki işe taýýar dällik, öz içki dünýäňe gümralyk, ýokary pragmatizm (amaly ähmiýetliligi ileri tutmak) gedonizm-lezzete berlenlik, ahlak-etiki düşünjeleriň gowşaklygy we durnuksyzlygy.
Görkezilen meseleleriň döreýşiniň esasy sebäbi hökmünde «sanly gözegçiliksizlik, üns etmezlik» hadysasy, ýagny ata-eneleriň çagany onuň ilkinji ýaşlaryndan sanly gajetlere bermekligini görkezmek bolar (bu bolsa çaganyň hemişe işe meşgullygy we kanagatlanmagy barada aldanma döredýär).
Başga bir tarapdan, sanly nesliň wekilleri sanlaşdyrmadan öňki nesillerden ýokary, bilim jähetden oňyn ähmiýetli birnäçe häsiýetnamalary özünde jemleýär. Bu, ilkinji nobatda, häzirki zamanyň has ösen tehnologiýalaryndan erkin ugrukma alyp bilmeklik, baş çykaryjylykdyr. Şeýle-de:
— kognitiw ösüş jähetde — hemişe täzelige, kämilleşmeklige ymtylyş, kreatiwlik (döredijiliklilik), pikirlenmäniň dürli tiplerini sintezlemäge (birleşdirmäge) ukyplylyk, dürli maglumatlary parallel özleşdirmäge ukyplylyk (köpýumuşlylyk), maglumatyň dürli çeşmelerini ulanmaga ýykgynlylyk, maglumaty gaýtadan işlemegiň we karara gelmegiň ýokary çaltlygy;
— sosial ösüş jähetde — özüňi gökezmäge ymtylma, gatnaşyklaryň «gorizontal» (partnýorlyk) tipini onuň «wertikal» (iýerarhik-bir-birine tabyn) görnüşinden ileri tutmak, medeniýetara we ýurtara aragatnaşyga açyklyk, mundan başga-da, (käbir çäklilikde) optimizm we öz güýjüňe ynanmaklyk.
Sanly nesliň arasynda «yza galaklaryň» we «ilerleýänleriň» aratapawudy aýratyn göze ilýär. Soňkularyň hatarynda okaýanlaryň täze bir görnüşi peýda bolup, olara okuwda öz-özüňi sowatlandyrmaga, özüňi işjeňleşdirmäge we özüňi ösdürmäge gönükdirilen ýokary özbaşdaklyk mahsus bolýar; olar mümkin ýagdaýda öz bilim marşrutlaryny özbaşdak kemala getirýär, käbir halatlarda okuwy, işi we şahsy ösüşi bile utgaşdyrýar.
Sanly tehnologiýalar («öňdebaryjy», «akylly», SMART) tehnologik ösüşiň häzirki zaman tapgyrynyň ýadrosy bolup, geljekde özüniň agalyk ornuny saklar. Häzirki wagtda işjeň sanlylaşdyrma prosesi amala aşyrylyp, onda sanly tehnologiýalaryň maddy we sosial-ynsanperwer tehnologiýalar we amalyýetçiler bilen, şol sanda bilim beriş tehnologiýalary bilen çuňňur birleşmesi bolup geçýär.
Sanly tehnologiýalaryň köpüsine didaktiki (bilim ähmiýetli) sypatlar mahsus bolup, olaryň arasynda:
— global internet torunda maglumatlary erkin agtarmak;
— personallyk (şahsylylyk) — materialy teklip etmek usulyny, çylşyrymlylyk derejesini, iş depginini, berkidiji gaýtalamalaryň möçberini, okuw kömeginiň häsiýetini we her bir okaýanyň islegine we aýratynlyklaryna laýyklykda saýlamaga çäksiz mümkinçiligiň bolmagy;
— interaktiwlik — okuw kommunikasiýasy we okuw özara hereketi prosesinde köp subýektliligi (okadylyşa birbada birnäçe adamyň goşulmagy) üpjün etmek ukyby;
— multimedialylyk (köp modallylyk-öwüşginlik) — okuw prosesinde kabul edişiň dürli kanallaryny (eşidiş, görüş, hereket) toplumlaýyn herekete getirmek;
— gipertekstlilik (tekstiň has uly möçberliligi) — tekst boýunça erkin süýşmek, maglumaty gysby beýan etmek (şol sanda infografika görnüşinde), tekstiň modullygy we ony boýdan-başa okamagyň hökman dälligi, maglumatyň häsiýeti, maglumaty düýrlemek-ýaýraňlamak, kesişýän çykgytlary ulanmak;
— subkulturalaýynlyk — maglumatyň sanly nesil üçin dünýäniň adaty keşbine laýyklylyk, ony tanap bilmeklik ýaly taraplary mynasybetli okaýanlar özlerine tanyş sanly gurşawa goşulýarlar.
Sanly nesliň häsiýetli alamatlary hökmünde getirilen bu maglumatlar özüniň esasy möçberinde sanlaşdyrma ýörelgesiniň has ir döwürlerde amalyýete ornaşdyrylyp toplanan, ösen ýurtlaryň bilermenleriniň synlamalary esasynda beýan edilendir. Başga milli medeniýetiň binýadynda ornaşdyrylan sanlaşdyrma ýörelgesinde ýüze çykarylan «sanly nesliň» oňyn däl sypatlarynyň döremeginiň durmuşy we usulyýet esasy hormatly Prezidentimiziň sanly bilim Konsepsiýasynda asylbaşdan aradan aýrylýar.
Milli bilimimiziň okatmak, terbiýe düzüjileriniň her bir tutumynyň milli gymmatlyklar arkaly aralaşdyrylanlygy, käbir medeniýetlerde bolşy ýaly, sanly tehnologiýany okaýany özüne tabyn ediji orundan ony iş serişdesi ornuna geçirýär. Milli gymmatlyklarymyzyň özboluşlylygy nazarlanylyp esaslandyrylan we bu günki günde jemgyýetiň dürli ugurlaryna üstünlikli ornaşdyrylýan sanly tehnologiýa, ösýän şahsyýetiň paýhasynyň akyl-paýhas, duýgy-emosional, hoşniýetli erk taraplaryny mazmun we gurluş taýdan kämilleşdirýän, olaryň durnukly ösüşini şertlendirýän ygtybarly serişdä öwrülýär.
Baýram BASAROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, psihologiýa ylymlarynyň doktory, professor.
“Nesil” gazeti,
17.03.2020ý.