Häzirki wagtda halkara gatnaşyklaryny hem-de döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy guraly hökmünde transmilli ulag geçelgelerini döretmeklige has uly ähmiýet berilýär. Döwletimiziň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşendigi nazara alnyp, multimodal gatnawlaryň netijeliligini üpjün edýän iri ulag-logistiki merkezleri döredilip, ýurdumyz halkara ulag kommunikasiýasyna işjeň goşulýar. Ýol-ulag düzümleri döwrebaplaşdyrylyp, ulag görnüşleriniň her biriniň artykmaçlyklaryndan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýän sazlaşykly ulgam kemala gelýär.
Halkara ulag geçelgelerini ösdürmek Türkmenistanyň daşary hem-de içeri syýasatlaryna laýyk gelýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk syýasatyna we ykdysady taýdan durnukly ösüş tejribesine daýanyp, dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli, deňhukukly we hoşniýetli hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň işjeň parahatçylyksöýüjilikli başlangyçlary esasynda, Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli strategik gatnaşyklar barha ilerleýär. Mundan başga-da, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa sebitleriniň söwda-ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň transkontinental ykdysady köprüsiniň wezipesini ynamly ýerine ýetirýär. Şeýle gatnaşyklar ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşine uly goşant goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyçlary häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir. Şol başlangyçlar bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji, 66-njy hem-de 70-nji mejlislerinde, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň hem-de ŞHG-niň sammitlerinde we beýleki ýokary derejeli forumlarda öňe sürüldi.
Hususan-da, BMG-niň ulag ulgamyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak meselesi olaryň iň esasylarynyň biridir. Şol maksatnamada Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini öwrenmek göz öňünde tutulýar. Milli Liderimiziň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnama bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.
Halkara demir ýol gatnawlarynyň kuwwatyny artdyrmakdan başga-da, täze «polat ýollar» ýurdumyzyň içerki sebitleriniň hem okgunly ösmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň geljegi iri halkara we sebit deňiz-derýa, awtomobil, demir hem-de howa ýollaryna çykmak arkaly ulag gatnawlarynyň utgaşdyrylan ulgamyny döretmek, olaryň her biriniň artykmaçlyklaryndan netijeli peýdalanmak bilen baglanyşyklydyr. Biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa — Ýuwaş ummany hem-de Günorta Aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklarynyň yklymüsti ykdysady köprüsiniň wezipesini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlarynda ýollary hem-de halklary baglanyşdyrýan milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmek bu ulgamda esasy wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Halkara ulag geçelgeleri dünýä ykdysadyýetiniň globallaşmagynyň esasy gurallaryna öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz bu ugurda uly işleri amala aşyrmak bilen, özüniň çäginde yklymyň esasy ulag merkezleriniň birini döredýär.
Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky «köpri» bolan Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýoly ýurtlaryň halkara bazarlaryna päsgelçiliksiz we gysga ýollar bilen çykmaga, harytlaryň getirilmeginiň, hyzmatlaryň giňeldilmeginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny artdyrmaga, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga güýçli täsir edýär. Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyry bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly hem-de 2018-nji ýylyň fewralynda açylyp, ulanylmaga berlen Serhetabat — Turgundy demir ýoly ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli türkmen-owgan gatnaşyklarynyň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen, Garaşsyz Watanymyzyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady mümkinçiliklerini ep-esli artdyrdy. Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine, sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulmagyna mynasyp goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gurlup ulanylmaga berilýän «polat ýollaryň», demir ýol menzilleriniň diňe bir bagtyýar türkmen halkyna hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny artdyryp, dünýä halklarynyň bähbitlerine, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga hyzmat edýändigini ýene bir ýola äşgär edýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň uly depginler bilen ösmeginde demir ýol ulaglary pudagynyň wajyp orny bardyr. Gurlan we gurulýan, çartarapa uzaýan häzirkizaman «polatýollary» hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we adyl syýasatynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, Türkmenistan «polat ýollary» arkaly diňe bir Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek bilen çäklenmän, sebitde demir ýol ulaglarynyň gatnawy üçin möhüm ähmiýetli ýere öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary esasynda ulag ulgamynyň ösdürilmegi hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ýaýbaňlanmagy ýurdumyzyň ösüşleriniň ygtybarly kepili bolup durýar. Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi hökmünde tanalmak bilen, gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş hem-de şol bir wagtyň özünde yklymara ähmiýetli ulag-üstaşyr merkezi hökmünde wajyp orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň çäginde we ondan daşarda dostluk ýollarynyň gurulmagy Türkmenistanyň multimodal logistika ulgamynyň ösüşiniň möhüm tapgyryny alamatlandyrýar.
Dawut Asgarow,
“Nesil” gazeti,
02.04.2020ý.