SPORT WE ÝAŞLAR MILLI KANUNÇYLYK ULGAMYNDA

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň, ylaýtada-da ýaşlaryň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy onuň aýdyň mysallarynyň biridir. Halkymyzyň, aýratynda, ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy baradaky alada häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 26-njy ýanwaryndaky degişli Permany döredilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem ýurdumyzyň sportyny halkara gatnaşyklary derejesinde ösdürmekligine, sportuň dürli görnüşleri boýunça oňa ýaşlaryň giňden çekmekligine, sport we ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Sport we bedenterbiýe ýaşlarda kämil şahsyýeti terbiýeleýär. Sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanýan adam öz erkini, ukybyny, zehinini taplaýar. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýaş nesillerimizi sporty söýmek we halal zähmete hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, çagalar sportuny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň mekdeplerinde we beýleki bilim-terbiýeçilik edaralarynda uly mümkinçilikler we şertler döredilýär. Sagdyn bedenli ýaş nesillerimiziň kemala gelmegi üçin döredilýän şertler bilen bir hatarda, ýurdumyzda mümkinçiligi çäkli adamlaryň şol sanda, çagalaryň hem jemgyýetçilige goşulmagy we beden taýdan taplanmagy üçin olaryň sporta işjeň gatnaşmagyna ähli şertler döredilýär.

Bedenterbiýe we köpçülikleýin sport hereketini ösdürmek, sagdyn we beden taýdan kämil ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Muňa öz gezeginde, milli sport we ýaşlaryň hukuk we maddy enjamlaýyn binýatlarynyň ulgamlaýyn kämilleşdirilmegi hem ýardam edýär. Bu ugurda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler, maksatnamalaýyn işler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hukugyň bu pudaklaryndaky maddalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 15-nji maddasynda “Döwlet medeniýet, bilim, sport we syýahatçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösmegine ýardam edýär” diýip bellenilýär.

Şeýle hem, Esasy Kanunymyzyň 40-njy maddasynda “Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.”, şular bilen birlikde, 56-njy maddada “Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär.” diýip bellenilýär.

Esasy Kanundan öz gözbaşyny alyp gaýdýan “Bedenterbiýe we sport” (23.05.2015ý.) hakynda Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, ýurdumyzda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu babatda işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga deň elýeterli hukuklaryny üpjün etmek goramak, döwletimizde bedenterbiýäni we sporty, raýatlaryň beden terbiýesini ösdürmek, ýurdumyzyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlylygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertlerini döretmek hem-de bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek we bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek Kanunyň wezipeleri bolup durýar.

Şunuň bilen birlikde, kabul edilen “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” (29.08.2013ý.) Türkmenistanyň Kanuny hem ýurdumyzda ýaşlar barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny, çärelerini we tärlerini kesgitleýär. Kanunyň maksatlary barada aýdylanda, ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerinde Türkmenistanyň kuwwatyny ösdürmek we durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk şertlerini kepilliklerini döretmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti durmuş taýdan kemala getirmek, ýaş raýatlarda watançylyk, türkmen halkynyň taryhy, medeni we ruhy gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhuny döretmek, ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň esas goýujy taglymatlaryna, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň häzirki zaman ugurlaryna ýaş raýatlaryň aňly-düşünjeli düşünmegini gazanmak bolup durýar.

Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmek, bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek, şonuň ýaly-da türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmaklyga gönükdirilen wezipeler toplumlaýyn çemeleşmek esasynda amala aşyrylýar. Milli maksatnamanyň esasy maksady bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek arkaly Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny berkitmekden hem-de türkmen sportuny dünýäde iň öňdäki orunlara çykarmakdan ybaratdyr. Bu milli maksatnamanyň esasy wezipeleri bedenterbiýäniň we sportuň ösen ulgamyny döretmek we kämilleşdirmek, bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuşy wagyz etmek, raýatlary bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, halkara derejeli ussat türgenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport boýunça hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, bedenterbiýe we sport babatdaky ylmy ösdürmek, bedenterbiýe we sport babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bolup durýar.

Döwletimizde üstünlikli durmuşa geçirilýän Milli maksatnamalarynyň biri hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasydyr. Bu Maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärelerini beýan edýän ugur görkeziji resminama bolup durýar. Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň ösüp barýan nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklaryň, möhüm şertleriň döredilen diýarydyr. Häzirki wagtda dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna ynamly girýän Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny kämilleşdirmek üçin zerur şertler döredilýär.

Umuman, Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmäge hem-de ösdürmäge şeýle hem, sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzyň sport we ýaşlar babatda kanunçylyk binýadyň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşmegine itergi berýär. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy sagdyn nesli kemala getirmekde hem-de ýurdumyzyň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna şert döredýär.

Ýalkapberdi Aşyrmyradow

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni, ministrligiň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU