ÝAŞLARY GOLDAMAK — BAGTYÝAR GELJEGE BINÝAT

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin giň ge­rim­li öz­gert­meler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Çün­ki ýaş­lar hak­da ala­da — gel­jek hak­da ala­da. Bi­na­nyň berkli­gi onuň bin­ýa­dy­nyň mä­käm­li­gi­ne bag­ly bol­ýar. Döw­le­tiň kuw­wa­ty, ösüş-öz­ge­ri­şi-de ýaş ra­ýat­la­ryň göz­ýe­ti­mi­niň giň­li­gi, ylym-bi­lim ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ýo­ka­ry­ly­gy bi­len ölçe­nil­ýär. Ýur­du­myz­da äh­li­ta­rap­la­ýyn giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dirmek ug­run­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň başlan­gy­jy bi­len mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän şol iş­ler bolsa, ýur­du­my­zyň ýaş ra­ýat­la­ry­nyň äh­li babat­da müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Biz muňa «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginde, ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde ýaşlaryň meseleleri bilen meşgullanýan ýörite bölümiň döredilmeginde, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýa­sa­ty­nyň 2015 — 2020-nji ýyl­lar üçin döw­let Maksatnamasynyň» kabul edilmeginiň mysalynda hem doly göz ýetirýäris.

Türkmen ýaşlary hakynda şeýle giň gerimli işleriň ýaýbaňlanýan döwründe ýurdumyzyň maliýe-bank edaralary tarapyndan hem degişli meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň esasynda bolsa döwletiň ýaş raýatlary, ýaş maşgalalardyr bagtyýar talyplary üçin dürli görnüşli bank hyzmatlary işlenip düzülýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet tä­jir­çi­lik ban­ky ta­ra­pyn­dan hem de­giş­li işler alnyp barylýar. Bank tarapyndan berilýän goldawlaryň hatarynda ýaş maşgalalara zerur bo­lan öý goş­la­ry­ny we ho­ja­lyk ha­ryt­la­ry­ny edinmek üçin berilýän ýeňillikli karzlary, ýaşa­ýyş ja­ýy üçin be­ril­ýän karz­la­ry, ta­lyp­lar bilen bagly hyzmatlary we beýlekileri görkezip bileris. Bu goldaw-hemaýatlar «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2011-nji ýy­lyň 2-nji sent­ýab­ryn­da çy­ka­ran Ka­ra­ry­na, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýle­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyklykda berilýär.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek üçin täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy», «Talyp tölegi» ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.

«Talyp tölegi» hyzmaty bank tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden, töleg ge­çir­mek­de ýü­ze çy­kyp bil­jek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usuly arkaly) geçirip bolýanlygydyr. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy.

«Talyp karzy» hyzmaty bolsa Türkmenistanyň raýatlaryna, ýagny talybyň ata-enesiniň ýa-da hossarlarynyň haýsy hem bolsa biriniň adyna resmileşdirilýär. Bellenen möçberdäki karz serişdesi bankdan göni talybyň okaýan (ýa-da okamaga hukuk gazanan) ýokary okuw mekdebiniň hasabyna geçirilýär. Şu ýerde berilýän karzyň möçberiniň her bir okuw mekdebiniň bellän bahasyna laýyk kesgitlenýändigini aýtmak gerek. Talyplar we olaryň hossarlary alty aýlyk ýa-da bir ýyllyk töleg üçin bankyň karz hyzmatyndan peýdalanyp bilerler. Şunda ýene bir zady nygtamak gerek: eger-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çözgütleri bilen okuwyň soňky ýyllardaky tölegleriniň mukdary artsa, karzyň möçberi hem üýtgäp biler. Bu karz ýyllyk 8 göterim möçberinde berilýär.

Elbetde, adamyň durmuşda mynasyp ýaşamagy üçin birnäçe şertler gerek. Olaryň iň zerurlary bolsa ýaş raýatlaryň maşgala gurmagy bilen baglylykda ýüze çykýar. Şu babatda ýaşlary goldamak, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bo­lan öý goş­la­ry­ny we ho­jalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş ja­ýy­ny sa­tyn al­mak, ýag­ny gozgalmaýan emläk üçin hem ýeňillikli karz serişdeleri berilýär. Bu ýeňillikli karz resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara olaryň ýüz tutmalary esasynda berilýär.

Häzirki wagtda ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyr­mak, dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­laryny höweslendirmek, üstünlikli okamaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda döwlet tarapyndan alnyp barylýan işlerde ýurdumyzyň bank edaralarynyň hem paýynyň bolmagy bu ulgamyň hünärmenleriniň öňünde yzygiderli täze wezipeleri goýýar.

Biz — pul-karz ul­gamynyň wekilleri hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny goldamak, olaryň öz öňlerinde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin zerur şertleri döretmek baradaky başlangyçlaryndan ugur alyp, mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekeris, giň gözýetimli, watanperwer ýaşlaryň kemala gelmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Ýurdumyzy bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere, üstünliklerden-üstünliklere alyp barýan mil­li Li­de­ri­mi­ziň ja­ny sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Mährijemal ABDYRAHMANOWA,

Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň Maliýe ykdysady seljeriş we usulyýet müdirliginiň Usulyýet bölüminiň başlygy.

“Nesil” gazeti,

04.07.2020ý.

Meňzeş habarlar

29 Noýabr 2024 | 11 okalan

ASYRLARA ÝÖRELGE – NESILLERE GÖRELDE

29 Noýabr 2024 | 8 okalan

NOU – HAU