BELENT YNAMA JOGAPKÄRÇILIK, ASYLLY MAKSATLARA ÇELGI
Peýdaly adamdygyňy duýmak gowy. Maşgalaňa, dost-u-ýakynlaryňa, Watanyňa peýdalydygyňy duýmak ýakymly duýgy. Ýöne öz Watanyň dünýä ykbalyna, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlara dahyllydygyny duýmak, duýgularyň arzylysy-seresi, megerem! Bu günki gün Türkmenistan Zeminiň parahat ýaşaýşy hakyndaky arzuw-niýetleri köňlünde beslän milli Lideriniň netijeli teklipdir başlangyçlary bilen dünýäniň goýnuna asudalygyň nuruny çaýýan döwlet hökmünde özüni ykrar etdirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanandygy hakyndaky gelip gowşan hoş habar bu hakykaty ýene-de bir gezek dünýä buşlady. Gözlerimiziň görejine, başymyzyň täjine deňelýän eziz Watanymyza, dünýäde ykrar edilen milli Liderimize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Şahyrana dilde, çeperleşdirip: «Günlerimiz günlerden zyýada gelýär» diýen jümläni ýygy-ýygydan ulanýarys. Il-ulsumyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň asudalygy, ýüregi elmydama «Halkym!» diýip urýan hormatly Prezidentimiz bilen halkymyzyň jebisligi, şol bitewülikden rowaç alýan içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan üstünlikler, hakykatdan-da, her günümiziň biri-birinden zyýat gelýändigini aýdyň görkezýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparyny amala aşyryp, rysgal-bereketli galla meýdanlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşan pursatlaryna dahylly bolan günlerimiziň, hajy Arkadagymyzyň özüniň pygamber ýaşyna ýetmegi mynasybetli akgoýun toý sadakasyny beren pursatlarynyň, milli Liderimiziň doglan gününiň şanyna giň gerimli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylan gününiň ýakymy-ýalkymy Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynda gazanylan ajaýyp üstünligiň hoş habary bilen utgaşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylmagy hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly hemde döredijilikli daşary syýasat strategiýasyna bildirilen ýokary ynamyň aýdyň nyşany, oňyn bitaraplyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşidir, mertebeli menzilidir.
Hormatly Prezidentimiz: «Göz öňünde tutulan meýilnamalara hemde seçip alan ugruna laýyklykda, döwletimiz daşary syýasat strategiýasynda dünýäniň ähli ýurtlary bilen gatnaşyklary ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde maksadalaýyk we yzygiderli ösdürýär» diýmek bilen, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen strategik derejä çykarylan hyzmatdaşlygyny häzirki döwrüň meýillerini nazara alyp, has-da giňeltmek ugrunda tagalla edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň esasy we ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen ýola goýan gatnaşyklary sebitde we dünýäde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy saklamaga, ýurtlaryň arasynda özara ynamy berkitmäge, parahatçylyk medeniýetini berkarar etmäge gönükdirilen täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasyndan açmak barada öňe süren pikiriniň sebit ýurtlary tarapyndan biragyzdan goldanylmagy Öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda öňdengörüjilikli, täzeçil başlangyç bolan bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň dürli ugurlary boýunça Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen 13 sany Kararnama dünýä jemgyýetçiliginde ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmesidir, bütin adamzady tolgundyrýan meseleleri bilelikdäki tagallalar esasynda çözmäge çagyryşdyr.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyza BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyny ýerine ýetirmek ýaly jogapkärli wezipe ynanyldy. Ýeri gelende, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini aýtmak gerek. Diýmek, geljek 2021-nji ýyl ýurdumyzyň daşary syýasatynda has aýgytly hemem möhüm ýyllaryň biri bolar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wise-başlyklyk etmek bilen, Türkmenistan üçin «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bilen bagly toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmaga hem oňyn mümkinçilik dörär. Aslynda, häzirki zaman dünýäsinde «parahatçylyk» hem-de «ynanyşmak» diýen düşünjeler aýratyn ähmiýete, Ýer ýüzüniň aýry-aýry sebitlerinde durnuksyzlygyň dowam edýän, giň geografiki çäkleri gurşap alyp, pandemiýa derejesine ýeten COVID-19 ýokanjynyň ählumumy gün tertibinde adatdan daşary ýagdaýlary emele getirýän häzirki döwründe bibaha gymmata eýedir. Şunda ýurtlaryňdyr halklaryň birek-birek bilen ýakynlaşmagy-ysnyşmagy, döwletara gatnaşyklarda özara ynamyň berkidilmegi, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin bilelikdäki tagallalaryň el-ele berip amal edilmegi derwaýys wezipe hökmünde öňe çykýar. Mahlasy, bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen şu hili meseleler boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden täze teklipleri öňe sürmekde, milli Liderimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna goşant goşmakda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň çärýek asyrlyk taryhy tejribesini dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşmakda geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynda wise-başlyklyk etjek Türkmenistan üçin täze mümkinçilikler açylýar. «Men dünýäde parahatçylyk hakyndaky taglymatlaryň barha kämilleşmegini isleýärin» diýýän hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk we ynanyşmak hakyndaky taglymatynyň özeni-de hut şu ugurlarda netijeli çözgütleri amal etmekde jemlenýär.
Artykguly HOJABERDIÝEW,
“Nesil” gazeti,
07.07.2020ý.