DÜN­ÝÄ MET­BU­GA­TY­NYŇ ÜN­SI ÝUR­DU­MYZ­DA

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler dünýä habar beriş serişdelerinde öz mynasyp ornuny tapýar.

Aslynda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri diňe bir jemgyýetçilik ähmiýetli wakany habar bermek bilen çäklenmän, eýsem, auditoriýada belli bir jemgyýetçilik pikirini oýarmagy başarmalydyr. Şu jähetden seredeniňde, jemgyýet bilen gazet-žurnallaryň, radio-telewideniýäniň, umuman, medianyň arasynda nähili berk baglanyşygyň bardygyna göz ýetirmek mümkin. Hawa, ýakynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda, has takygy, 25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň jemleri aýratyn ähmiýetli taryhy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň gol çeken «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyna görä, ýurdumyzda iki palataly parlamente geçmeklik hakyndaky çözgüt dessine ýurdumyzyň habar beriş serişdeleri bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň ençeme abraýly habarlar agentlikleriniň, neşirleriniň, resmi we garaşsyz saýtlarynyň ünsüni çekdi.

Ilki bilen bellemeli zat, umumy pikire görä, bu waka «Türkmenistanda parlamentarizmiň we demokratik özgertmeleriň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy» hökmünde garaldy. Munuň özi ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň demokratik ýörelgelere hil taýdan täze itergi berip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna möhüm sahypany ýazýandygyna nobatdaky gezek aýdyň tassyklamadyr. Çünki hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Döwlet häkimiýetiniň aýratyn şahasy hökmünde Parlament ýurduň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşynda halk demokratiýasyny berkarar etmegiň aýrylmaz guralydyr. Sebäbi, dünýäniň çalt umumylaşýan häzirki şertlerinde Garaşsyz döwletimiziň halkara tejribesine daýanýan kanun çykaryjy edaralary hem kämilleşýär we özgerýär». «РИА» täzelikler topary, «ТАСС» hut şu pikirleri beýan edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmelerini makullaýandyklaryny habar berdiler.

Türkmen Parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi hakyndaky habaryň ýerli habar beriş serişdelerimizde şöhlelendirilmegi bilen, onuň yzysüre bu habar «Интерфакс», «Эхо Москвы», «Московский ком¬сомолец», «Russia today», «Рамблер», «Казинформ», «Каспий Online», «Вестник Кавказа», «Informбюро», «Azerbaycan 24» hemde beýleki onlarça neşirlerde öz mynasyp ornuny tapdy. «Аргументы и факты», МИР24, «Взгляд», «Regnum», aqreqator.az, iMag.one, forbes.kz, Avesta.Tj ýaly neşirler bolsa, munuň bilen bir wagtda täze parlamentiň Türkmenistanyň Milli geňeşi diýlip atlandyryljakdygyny, şeýle hem onuň kanun çykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan hemde iki palatadan — Halk Maslahatyndan we Mejlisden ybarat bolan wekilçilikli edaradygyny aýratyn nygtadylar.

Belli bir jemgyýetçilik pikirini oýarmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerine şol meseläni habar bermek bilen birlikde anyk düşündirmek, garaýyşlary beýan etmek, umuman, meselä köptaraplaýyn çemeleşmeklik zerur bolup durýar. Şu babatda alanymyzda, dünýä habar beriş serişdeleriniň ünsüniň diňe bir iki palataly parlamente geçmek pikirine däl-de, eýsem-de bolsa, Halk Maslahatynda garalan ençeme beýleki durmuş-ykdysady ugurly meselelere hem gönügendigini bellemelidiris. «Anadolu» habarlar agentliginiň milli Liderimiziň gol çeken «Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak hakyndaky» Kararynyň häzirki wagtda örän möhümdigini, şol bir wagtda zerurlykdygyny, şeýle hem ähmiýetini nygtap, «Saglygy goraýyş we bilim ulgamlary Türkmenistanyň ösmegi üçin möhüm ugurlardyr» diýen sözbaşy bilen beren habary muňa mysaldyr. Şeýle hem «Trend» öz okyjylarynyň ünsüni döwlet Baştutanymyz tarapyndan teklip edilen ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy baradaky meselelere çekdi: «Iri möçberli taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman hem-de «Lapis-Lazuli» üstaşyr geçelgäniň döredilmegi görkezildi. Dünýä ýüzünde epidemiologiýa ýagdaýy barada bellemek bilen, döwlet Baştutany Aral meselesini çözmegiň möhümdigine ünsi çekdi». Şulardan hem görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň diňe bir öz döwletimiziň bähbitlerine däl-de, goňşy, şol sanda sebit ýurtlarynyň hem deň derejede bähbitlerine gönükdirilen möhüm başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa mynasyp bolýandygyny arkaýyn aýdyp bileris.

Ýeri gelende bellesek, «Azertaj. Report.Az.» azerbaýjan habarlar agentligi, «Звязда» belarus gazeti milli Liderimiziň Halk Maslahatyndaky çykyşyndan anyk mysallary getirip, ýurdumyzda amala aşyrylýan kanunçylyk we beýleki durmuş-ykdysady ähmiýetli özgertmeleri düşündirýän habarlary öz okyjylaryna ýetirdiler. Bulardan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň gol çeken «Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuşy-kdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny goldamak hakynda» Kararynyň, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly ugra gönükdirýändigi barada aýdanlarynyň hem dünýä metbugatynda mynasyp seslenme tapandygyny hökmany ýatlamalydyrys.

Milli habar beriş serişdelerimiziň bellemegine görä, Halk Maslahatynyň möhüm taryhy çözgütleri hakyndaky habarlar dünýäniň iri halkara habarlar agentlikleriniň 130-a golaýynda, olara salgylanmak bilen ençeme elektron neşirlerde beýan edildi. Şeýlelikde, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň durmuşymyzyň aýrylmaz maglumat çeşmesidigini nazarda tutup, netijä gelsek, munuň özi eýýäm milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzyklanma bildirilýändigini äşgär edýär, beýan edilen pikirler bolsa, halkara giňişliginiň döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatyny doly goldaýandygyny aýdyň görkezýär.

Kakajan ÇARYÝAROW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­ri­niň ta­ly­by,

“Nesil” gazeti,

01.10.2020ý.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2024 | 1143 okalan

ENE HÜWDÜSI

22 Noýabr 2024 | 2230 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY