WATAN GORAGÇYLARYNY SARPALAP

Eziz Di­ýa­ry­myz­da 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýe­ň­şiň 74 ýyl­ly­gy my­na­sy­betli uruş weteranlarynyň, urşa gidenleriň yzynda galan mährem eneleriň gatnaşmagynda maslahatlardyr duşuşyklar geçirilýär. Bu bolsa adamzadyň parahatçylyk, dostluk, belent ynsanperwerlik ýörelgeleriniň çuň many-mazmunyny özünde jemleýär. Halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini aňladýar. Halkymyzyň asyrlarboýy kemala getiren hoşniýetlilik, açykgöwünlilik, parahatçylyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly häsiýetleri ýaşlarda kemala getirmäge ýardam berýär.

Dünýä taryhyna pajygaly yz go­ýan 1941 — 1945-nji ýyl­laryň Beýik Watançylyk urşunda halkymyzyň bu mukaddes ýörelgelerine berk eýeren türkmenistanly gerçekler edermenligiň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler hem-de beýik ýeňşe ýetdiler. Geljekki ýaş nesilleriň çuň hormatyna we söýgüsine mynasyp boldular. Batyrlygyň, edermenligiň beýik nusgasyny görkezen gaýduwsyz gerçeklerimiz kalbymyzda baky ýaşaýar.

Uruş weteranlaryna her ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň bilelikde guramagynda uruş weteranlaryna, urşa gidenleriň yzynda galan enelere baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.

Uruş weteranlary özleri üçin döredilýän oňyn ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.

Duşuşygyň soňy aýdym-sazly çykyşlara beslendi.

* * *

1941 — 1945-nji ýyl­la­ryň Be­ýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda uruş weteranlaryna hem-de urşa gidip gelmedikleriň ojagyny saklap oturan ýalňyz galan enelere baýramçylyk sowgatlary, gül çemenleri gowşuryldy.

«Görelde mekdebi siz, Watan Gahrymanlary!» ady bilen geçirilen duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halk gahrymanlary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalandyr. Weteranlaryň saglygy, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy döwletimiziň ileri tutulýan işleriniň özeninde durýar. Weteranlar öz gezeginde Gahryman Arkadagymyza urşa gatnaşyjylar we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary hakynda yzygiderli aladasy, asylly ylalaşdyryjylyk işi we häzir ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler syýasatyny alyp barýanlygy üçin çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Bezirgen ATAÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

“Nesil” gazeti,

07.05.2019ý.

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.