Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hemde beýik geljegidir» diýen ynamyna ýugrulan dürdäne sözlerini ýagty ýolda baýdak edinýän türkmen ýaşlary ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň rowaçlygyna saldamly goşant goşýan dokmaçy ýaşlaryň ata Watanymyza, milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini, türkmen gözellerine mahsus edep-ekramlylyk, mähir-mylakatlylyk, mylaýymlyk häsiýetlerini we işe ezberligini, döredijilik ukybyny, keşp gözelligini açyp görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip atlandyrylmagy, şeýle hem Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň dokmaçy gyz-gelinleriniň arasynda «Bagtyýarlyk döwrüniň ezber gözeli» ady bilen yglan eden baýramçylyk bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Paýtagtymyzda ýerleşýän Modeller öýüniň bezelen giň sahnasynda dokmaçy ezber gözelleriň 12-si bäsleşdiler. Olar dört şert boýunça özara güýç synanyşyp, iň ýokary derejeli tehnikalara we tehnologiýalara ezberlik bilen erk edip, türkmen dokmasynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmaga goşant goşup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne mynasyp ruhda döredijilikli zähmet çekýändiklerini görkezdiler.
Ruhubelentlige we baýramçylyk ruhuna beslenen bäsleşigiň baş baýragyna Wekilbazar etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky dokma fabriginiň gözegçisi Jemal Berkeliýewa, I ornuna Aşgabadyň Dokma toplumynyň Hil barlag bölüminiň dokma hilinde barlagçysy Senemgül Kazakowa, II ornuna paýtagtymyzdaky Türkmenbaşy dokma toplumynyň Tikinçilik fabriginiň trikotaž sehiniň tikin we gaplama bölümçesiniň işçisi Merjen Arazowa, III ornuna Türkmenabat tikin fabriginiň tikin sehiniň tikinçisi Akpamyk Jumaýewa dagy mynasyp görüldi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we işjeň gatnaşan ähli gözellere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Hormat hatlary we sowgatlary gowşuryldy.
Bägül BEKÇIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.
“Nesil” gazeti,
25.05.2019ý.