ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Çagalaryň şadyýan tomusky dynç alşy dowam edýär. Olar ähli mümkinçilikler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny diýseň hoş geçirýärler.

Gökderäniň gözel ýerinde ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. «Sagdyn ýaşlar ýurdumyzyň geljegi» ady bilen geçirilen sport bäsleşiginde çagalar toparlara bölünip ýaryşdylar. Ýeňiji bolan toparlara Büzmeýin etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Şemşat SULIÝEWA,

TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň, Köpetdag etrap häkimliginiň we etrap Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan körpeleriň ara­syn­da «Biz — sag­dyn we ru­hubelent çagalar» atly şygar astynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş boldy. Ýaglyga towusmak, milli göreş, tanap çekmek ýaly milli oýunlara gatnaşan oglanlar örän erjel we çakgan hereketleri bilen öz janköýerlerini begendirdiler. Mundan başga-da, çagalar sportuň kiçi futbol, estafeta ylgawy ýaly görnüşleri boýunça iki topara bölünip bäsleşdiler. Küşt we şaşka oýunlaryna uly höwes bilen gatnaşdylar.

Bäsleşige gatnaşanlara Köpetdag etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Oguljahan TÖRÄÝEWA,

TMÝG-niň Köpetdag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Sarahs etrap häkimliginiň mejlisler zalynda etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Hormatly Prezidentimiziň beýik özgertmeler ýo­ly — türk­men ýaş­la­ry­nyň durmuş ýörelgesi» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan ösüşler, şeýle-de Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän özgerişliklerde ýaşlaryň mynasyp orny dogrusynda giňden söhbet edildi. Maslahata gatnaşyjylar ajaýyp döwrümizde ýaşlara döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Hydyr DAŇATAROW,

TMÝG-niň Sarahs etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabyndaky 8-nji orta mekdebinde hereket edýän «Şöhle» dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, «Sagdyn durmuşyň açary» atly sportuň tanap çekmek, ýaglyga towusmak görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşik örän çekeleşikli we gyzgalaňly boldy. Onda ýeňiji bolan çagalara Baýramaly etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Aýgül GÜLLEKOWA,

TMÝG-niň Baýramaly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň arasynda aýdym-sazly çäreler, sport bäsleşikleri yzygiderli guralýar. «Lebap» çagalar dynç alyş meýdançasynda dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen surat bäsleşigi-de olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam etdi. «Güneşli dünýä ýaşasyn!» ady bilen geçirilen surat bäsleşiginde tapawutlanan çagalara Dänew etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.

Gülälek JUMAÝEWA,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Akdepe etrap Ýaşlar guramasy tarapyndan ýaş telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Akdepe etrap häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen duşuşyk «Ýaş te­le­ke­çi­ler — ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýän Watanymyzyň ykdysady daýanjy» diýlip atlandyryldy. Onda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysady daýanjynyň telekeçilik ulgamy bolup durýandygyny nygtadylar. Ýaş telekeçiler Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döredilýän giň mümkinçilikleriň döwletimiziň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagyna we halkara bazarlaryna çykmaklyga oňyn täsir edýändigini buýsanç bilen bellediler.

Jemal ESENOWA,

TMÝG-niň Akdepe etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Esenguly etrap merkezindäki bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda ýetginjek türgenleriň arasyn­da «Sport — bi­ziň hem­ra­myz» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek hem-de ösdürmek maksady bilen, giň gerimli çäreler yzygiderli geçirilýär. Ýaşlar kadaly iýmitlenmek, ýaramaz endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly utgaşdyrmak, arassa howada gezelenç etmek, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil ýörelgelere eýerip, saglyklaryny berkidýärler. Bu bolsa döwletimizde adam hakdaky aladanyň hemişe baş maksat hökmünde ileri tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Tagandurdy TAGANDURDYÝEW,

TMÝG-niň Esenguly etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

20.06.2019ý.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9725 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9311 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10317 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.