Şeýle şygar astynda şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda geçen bu çäre diýseň täsirli boldy. Onda meýilnama esasynda birnäçe çykyşlar guralyp, wagyz-nesihat duşuşygynyň adyndan hem belli bolşy ýaly, halal durmuş we bagtyýar geljek barada gyzykly söhbetler edildi.
Halal ýaşap, halal gazanç etmek arkaly durmuşy özgertmek, zähmet çekip, baýlyga eýe bolmak, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän parahorlugyň we korrupsiýanyň öňüni almak, ata-baba ýazgarylýan bu ýaramaz hereketlere garşy göreşi güýçlendirmek baradaky aýdylanlar çykyşlaryň özenini düzdi. Şeýle-de halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolup, olaryň akýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize miras galdyran köp sanly öwüt-ündewlerini, nakyllaryny, pähimlerini nusgalyk görelde edinmelidikleri, bu babatda hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” kitabynyň uly gollanmadygy dogrusynda aýratyn nygtadylar.
Ýurdumyzy röwşen ertirlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri bolsa uly buýsanç bilen aýdyldy.
Umyda KAKAÝEWA,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.