ÝAŞLARYŇ YHLASYNDAN DÜNÝÄ DOLSUN OWAZA

Şu gün Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we “Nesil” gazetiniň bilelikde guramagynda “Ýaşlaryň yhlasyndan dünýä dolsun owaza” ady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçirilen bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň dürli künjeginden döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlaryň köpsanlysy gatnaşdylar.

“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly mynasybetli guralan bäsleşik üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde yglan edilip, bäsleşigiň şertine laýyklykda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar eşretli zamanamyzy, milli gymmatlyklarymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy wasp edýän eserlerini hödürlediler we iň naýbaşy eserler “Nesil” gazetiniň sahypalarynda şöhlelendirildi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy Altyn Rozyýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Jeren Şükürowa, «Watan» radioýaýlymynyň işgäri Käbe Sarenko, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Sapargül Nuryýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewa, Tagtabazar etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy Akmuhammet Gurbanow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Altyn Atakowa, Mary welaýatynyň ýaşaýjysy Ogulnur Ataýewa, Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň okuwçysy Söýli Muhamowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Görogly etrap Geňeşiniň hünärmeni Kemal Sabyrow, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň ýaşaýjysy Söhbet Orazmuhammedow, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Nartäç Akmuhammedowa, «Aşgabat» gazetiniň habarçysy Oguljennet Paşykowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň türkmen dili kafedrasynyň mugallymy Ýolaman Gurbanow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Ogulnur Pirjikowa dagy ýeňiji diýlip yglan edilip, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň habarçysy.

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.