ÝAŞLAR WE ÝAŞLAR GURAMASY

Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydyr» diýen sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi «Nebitçi» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda sport ýaryşyny geçirdi. Olar sportuň birnäçe görnüşleri boýunça ukyp-başarnyklaryny erjellik bilen görkezdiler. «Ýaşlara goldaw bar, geljege sarpa» şygar astynda geçen sport ýaryşynyň soňy aýdym-sazly çykyşlara beslendi. Gyzgalaňly geçen sport ýaryşynda tapawutlanan ýaş nesillere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Nowruzmuhammet ANNAMUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň baş hünärmeni.

Gyşky dynç alyş möwsüminde çagalaryň wagtyny hoş geçirmeklerini gazanmak maksady bilen Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda aýdym-sazly çäre geçirildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilen çärede Gökdepe etrabyndaky Mylly Täçmyradow adyndaky Çagalar sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Täsin çykyşlary ýerine ýetiren akrobatlar hem çagalaryň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Joşguna beslenen çäräniň dowamynda sport ýaryşlaryna-da giň gerim berildi.

Çärä işjeň gatnaşan we sport ýaryşlarynda üstünlik gazanan çagalara Gökdepe etrap Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.

Döwletli etrabynyň Medeniýet merkezinde etrabyň medeniýet we bilim işgärleriniň gatnaşmaklarynda aýdym-sazly dabara geçirildi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabarada Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gülläp ösüşi, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler, täze ýylda öňde duran möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň edildi. Soňra aýdym-sazly çykyşlara uly orun berildi. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalygyna kabul edilen ýaşlara agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy.

Oguljan RAJAPOWA,

TMÝG-niň Döwletli etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Bereket etrabyndaky 3-nji orta mekdepde bilim alýan ýokary synp okuwçylaryň arasynda «Arassa, ruhy tämiz halk beýikdir» şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy boldy. Bu duşuşyk «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirildi. Onda pederlerimizden miras galan myhmansöýerlik, lebzihalallyk ýörelgeleri wagyz edildi. Şeýle-de mekdepde we köpçülik ýerlerinde özlerini asylly, edepli alyp barmalydyklary barada nygtaldy.

Baýramgül SARAÝEWA,

TMÝG-niň Bereket etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Uly umytlara, owadan arzuwlara beslenip gelen Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalbyna nur paýlady. 2020-nji — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli geçirilýän çäreler oňa gatnaşyjylaryň buýsanjyna buýsanç goşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen Wekilbazar etrabynyň Medeniýet merkeziniň öňündäki baş arçanyň töwereginde geçirilen «Arkadagly Diýara bagt getir sen, Täze ýyl!» atly baýramçylyk çäresi hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Ýaş nesilleriň taýýarlan çykyşlary, aýdyp beren aýdymlary, labyzly ýerine ýetiren goşgulary köňüllere şatlyk eçildi. Çagalaryň nurana arzuwlarynyň hasyl bolýan ülkesinde körpeleriň gülki sesleri parahatçylygyň, asudalygyň ýaňy bolup dünýä doldy. Baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzyň röwşen eýeleri bolan bagtdan paýly ýaşlarymyzyň ýagty geljegi üçin giň mümkinçilikleri döredip, Diýarymyzy ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň beýik tutumlarynyň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.

Güljan ŞABASANOWA,

TMÝG-niň Wekilbazar etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Daşoguz welaýatyndaky «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Zehinli nesil» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, olaryň arasyndan täze zehinleri ýüze çykarmak, okuwçylaryň gyşky dynç alyş möwsümini mazmunly geçirmeklerini guramak maksady bilen geçirilen döredijilik bäsleşigini Daşoguz welaýatynyň Baş bilim müdirligi hem-de Görogly we S.A.Nyýazow adyndaky etrap Ýaşlar guramalary bilelikde gurady. Onda çagalar toparlara bölünip, dürli zehin sowallaryna jogap bermek, nusgawy we häzirki zaman şahyrlaryň goşgularyny ýatdan aýtmak, daşary ýurt dillerinde ata Watanymyzyň ösüşlerini, bagtyýar çagalygy wasp etmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Ýeňiji bolan toparlara bäsleşigi guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Hudaýnazar MEREDOW,

TMÝG-niň Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.

“Nesil” gazeti,

11.01.2020ý.

 

 

Meňzeş habarlar

08 Iýun 2022 | 9712 okalan

Awaza

28 Maý 2022 | 9300 okalan

«Soňky jaň dabarasy»

29 Noýabr 2021 | 10305 okalan

Taryhy waka bagyşlanan maslahat.